Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry has-da işjeňleşýär. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeldilýär. Muňa geçen we şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetleriniň Katar Döwletine we Marokko Patyşalygyna amala aşyran gulluk iş saparlary hem aýdyň subutnamadyr. Arap dünýäsiniň döwletleri we Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň Ka­tar Döw­le­ti­niň paý­tag­ty Do­ha şä­he­rin­dä­ki sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ri­ldi. Ka­tar ta­ra­pyn­dan duşuşyga ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Şeýh Mo­ham­med bin Ab­dul­rah­man Al Ta­ni gat­naş­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şol bir wag­tyň özün­de, ösü­şiň esa­sy gör­ke­zi­ji­si, iň ýo­ka­ry sy­ýa­sy de­re­je­de dö­re­di­len açyk dost­luk­ly we konst­ruk­tiw gep­le­şik bo­lup dur­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­la­ryň däp bo­lan dost­luk we hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek we ös­dür­mek üçin güýç­li iter­gi ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň yzy­gi­der­li hä­si­ýet­de ge­çi­ril­me­gi­niň we bu gör­nüş­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň örän wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ta­rap­lar, şeý­le hem Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra türk­men-ka­tar to­pa­ry­nyň in­di­ki mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek we ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­riň hem üs­tün­de du­rup geç­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ka­ta­ryň DIM-niň ýol­baş­çy­sy ýo­kar­da ag­za­lan Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň in­di­ki mej­li­si­ne iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýa­kyn wagt­da ge­çi­ril­jek mej­li­siň do­wa­myn­da iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny jik­me-jik ara alyp mas­la­hat­laş­jak­dyk­la­ry­ny hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da aýt­dy. Sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň bar­şyn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re hem ga­ral­dy. Ka­tar ta­ra­py Türk­me­nis­tan­da iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy esa­syn­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň hem-de döwlet ministri – “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy M.Ar­ça­ýe­wiň Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry bol­dy.

Ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­na ama­la aşy­ran sa­pa­rynda hem iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­r ara al­nyp mas­la­hat­laş­yldy.
Sa­pa­ryň il­kin­ji gü­ni türk­men we­ki­li­ýe­ti­ni Ma­rok­ko­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Saa­ded­din Os­ma­ni ka­bul et­di. Ta­rap­lar sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky türk­men-ma­rok­ko gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­re­dip geç­di­ler. Şol gü­nüň özün­de we­ki­li­ýet Türk­me­nis­tan bi­len Ma­rok­ko­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­re gat­naş­dy­lar. Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne Da­şa­ry iş­ler we hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk mi­nist­ri Nas­ser Bu­ri­ta ýol­baş­çy­lyk et­di. Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny, şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, hu­su­san-da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň hem-de Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Ma­rok­ko­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Dip­lo­mat­lar söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­di­ler. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­mak­da bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny gur­na­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Ge­ňeş­me­le­riň bar­şyn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­ny gel­jek­de hem ber­kit­mek­li­gi özün­de jem­le­ýän iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çek­di­ler.
Şeý­le hem bu sa­pa­rlaryň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Ka­ta­ryň we Ma­rok­ko­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan hal­ka­ra de­re­je­de bel­le­nil­jek ýur­du­my­zyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy gow­şur­dy­lar.