5-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Kö­pet­da­gyň ete­gin­de dö­re­di­len ýa­şyl zo­lak­la­ry syn­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wiň ha­ýy­şy bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­sy üçin ni­ýet­le­nen bag na­hal­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.
Ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len, Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýän aja­ýyp kün­jek­de öz­bo­luş­ly gö­zel­lik eme­le gel­di. Giň ýaý­la­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rü­len he­mi­şe gök öwüs­ýän to­kaý zo­lak­la­ry dag ge­riş­le­ri­ne dü­şen ak ga­ryň keş­bi bi­len öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy dö­red­ýär. Şeý­le hem bu kün­je­giň ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Şa­po­lat at­ly be­de­we at­la­nyp, bu ýer­de dö­re­di­len to­kaý zo­lak­la­ry­ny, dag etek­le­rin­de eki­len bag­la­ry syn­la­dy. Yzy­gi­der­li ide­giň ýo­la go­ýul­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu kün­jek ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn bag ek­mek stra­te­gi­ýa­sy ýur­du­myz­da amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň eme­le gel­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Bu ýer­de wi­se-prem­ýer E.Oraz­gel­di­ýew her kün­je­giň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ni na­za­ra alyp, ekil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bag na­hal­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni gör­ke­zip, ola­ry syn­la­ma­gy we bu ba­bat­da de­giş­li öwüt-ün­dew­le­ri­ni ber­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan ha­ýyş et­di. Şo­la­ryň ara­syn­da sa­ýa­ly, pür­li we mi­we­li bag­la­ryň, ar­ça­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, de­rek aga­jy bar. Şu gün­ler köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­rynyň ekil­jek ýer­le­ri ta­la­ba la­ýyk de­re­je­de taý­ýar­la­nyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň “gök gu­şa­gy­ny” gi­ňelt­mek ba­ra­da­ky iş­le­re örän jo­gap­kär­li we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, ila­tyň bag ek­mek çä­re­si­ne köp­çü­lik­le­ýin gat­naş­ma­gy­nyň asyl­ly iş ha­sap­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bag ek­me­giň we ola­ra de­giş­li de­re­je­de ideg et­me­giň eko­lo­gi­ýa ba­bat­da bol­şy ýa­ly, ne­sil­ler­de ha­lal zäh­me­te söý­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da-da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­me­giň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky gür­rü­ňi­ni ro­wa­ýa­tyň üs­ti bi­len do­wam et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, ir za­man­lar­da bir tej­ri­be­li daý­han öz og­lu­na mel­lek ýe­rin­dä­ki ba­gyň düý­bün­de köp muk­dar­da baý­lyk gö­müp go­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar. Og­ly ata­sy­nyň aý­dan sö­zün­den ruh­la­nyp, yh­las bi­len her bir ba­gyň düý­bü­ni ag­da­ryp çyk­ýar. Baý­lyk we­lin ta­pyl­ma­ýar. Yh­las siň­di­ri­lip ag­da­ry­lan top­rak ba­har pas­ly­nyň yz­ga­ry­ny özü­ne siň­dir­ýär. Ag­dary­lyp aras­sa­la­nan we suw­dan ýag­şy ga­nan mi­we­li agaç­lar tu­tuş­ly­gy­na gü­le bü­ren­ýär. Güýz pas­lyn­da bu bag­la­ryň ir-iý­miş­le­ri aý­ra­tyn be­re­ket­li bol­ýar. Ha­sy­ly­ny ýyg­nap döw­let ta­pan og­lan ka­ka­sy­nyň sar­gy­dy­nyň ha­ky­ky baý­ly­gyň ha­lal zäh­met­de­di­gi­ni aň­lad­ýan ça­gy­ryş­dy­gy­na dü­şü­nip gal­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň zäh­met we top­ra­ga bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, bu iş­le­riň rys­gal-be­re­ke­diň öze­ni­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz bag na­hal­la­ry­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dyp, beý­le­ki agaç­lar bi­len bir ha­tar­da, de­rek aga­jy­na aý­ra­tyn ga­dyr go­ýul­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Halk ara­syn­da de­rek aga­jy­nyň bal­dak­la­ry­nyň ber­ke­me­gi maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy, ag­zy­bir­li­gi hök­mün­de ka­bul edi­lip­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň de­rek aga­jy ba­ra­da ro­wa­ýa­ty­nyň bar­dy­gy­ny aýt­dy. Ga­dy­my dö­wür­ler­de iki ýaş ju­wa­nyň dur­muş to­ýu­ny tu­tan pur­sat­la­ryn­da olar maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, ag­zy­bir­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan de­rek aga­jy­ny ekip­dir. Ro­wa­ýat­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, ýaş ju­wan­la­ryň eken de­re­gi ösüp-ör­ňäp, be­ýik bag bo­lup­dyr, ol uly iliň gu­wan­jy­na öw­rü­lip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki dö­wür­de hem bu syr­dam aga­jyň ýaý­la­la­ryň, ýap boý­la­ry­nyň be­ze­gi­di­gi­ni aý­dyp, de­rek agaç­la­ry­nyň köp­çü­lik­le­ýin ekil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri na­zar­da tu­tup, ser­wi aga­jy­nyň köp­çü­lik­le­ýin ekil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu çä­re ýag­şy des­sur­la­ra la­ýyk­lyk­da, de­giş­li ro­wa­ýat­lar aý­dy­lyp, joş­gun­ly aý­dym-saz­la­ryň ut­gaş­ma­gyn­da ge­çi­ril­me­li­dir di­ýip bel­le­di. Mu­nuň özi bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýan adam­la­ryň ru­hu­ny gö­te­rer.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de türk­men te­bi­ga­ty özü­niň aja­ýyp­ly­gy, aý­ra­tyn-da, gaý­ta­lan­ma­jak sun­gat ese­ri­ne ça­lym­daş gö­zel­li­gi bi­len yn­san kal­by­na ýa­kym­ly tä­sir ed­ýär.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň gur­lu­şyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň ha­ýy­şy bo­ýun­ça paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­de do­wam ed­ýän gur­lu­şyk­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň di­wa­ny­nyň, Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň ug­run­da Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň bi­na­sy­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni öz wag­tyn­da ta­mam­la­ma­gyň hem-de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni we dün­ýä­niň şä­her­gur­lu­şyk ba­bat­da iň go­wy ga­za­nan­la­ry­ny ulan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Aş­ga­ba­dyň se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­dä­ki iri fo­rum­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, bu ýer­de gu­rul­ýan des­ga­lar hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da iş­le­riň ha­ýal al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.