Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de ba­har pas­ly­nyň aja­ýyp baý­ram­çy­ly­gy – Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni ulu­dan baý­ram edil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ze­nan­la­ra uly hor­mat-sar­pa go­ýul­ýar. Gen­der sy­ýa­sa­ty jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na ze­nan­la­ryň deň hu­kuk­ly gat­naş­ma­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Döw­le­ti­miz­de ka­bul edil­ýän giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry­ dur­mu­şa ge­çir­mek­de, ösüp gel­ýän nes­li­mi­zi mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň we ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň, maş­ga­la mu­kad­des­lik­le­ri­mi­ziň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da ze­nan­la­ry­my­zyň ägirt uly hyz­mat­la­ry bar. Şo­nuň üçin hem ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de bü­tin dün­ýä­de giň­den bel­le­ni­lýän Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni bi­ziň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny­myz­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te bes­le­nip bel­le­nil­ýär. Ene-ma­ma­la­ry­my­za çuň­ňur hor­mat goý­mak­da, ene mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty nus­ga­lyk mek­dep­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da ata Wa­ta­na, ene top­ra­ga, mu­kad­des ene­le­ri­mi­ze, ene hüw­dü­si­ne bo­lan söý­gi eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Bu ki­tap ýaş­la­ry wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de, äh­lu­mu­my adam­zat mu­kad­des­lik­le­re söý­gi­ni ýe­ne bir gez beý­gelt­mek­de gym­mat­ly gol­lan­ma­dyr.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de türk­men ze­nan­la­ry­nyň gaý­gy-ala­da­syz, azat-er­kin ýa­şa­magy, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­megi, bi­lim al­magy, me­de­ni­ýet­li dynç al­magy, per­zent ter­bi­ýe­le­megi üçin, äh­li şert­ler bar. Döw­rü­mi­ze baş ýö­rel­ge bo­lan “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen aja­ýyp şy­gar, bu gün­ki gün türk­men ze­nan­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi öz ha­tar­la­ryn­da ägirt uly öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­na we tä­ze ta­ry­hy döw­rüň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýan aýal-gyz­la­ryň müň­ler­çe­si­ni bir­leş­dir­ýär, bu gu­ra­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan äh­li öz­gert­me­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň äh­li mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, eýe­çi­li­giň äh­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li kär­ha­na­lar­da we gu­ra­ma­lar­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan aýal-gyz­la­ra pul sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry bol­dy. Bu hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­na goý­ýan sar­pa­syn­dan ny­şan­dyr.
Goý, ze­nan mer­te­be­si­ni be­lent­de tut­ýan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Gülnara AMANOWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň uly mu­gal­ly­my.