Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşyny we taryhyny düýpli öwrenmek, milli mirasymyzyň many-mazmunyny ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek, arassa ahlakly, ylymly-bilimli, watançy nesli kemala getirmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklary, milli ýörelgeleri, däp-dessurlary häzirki döwrüň gazananlary bilen sazlaşykly ösdürilýär. Ýaşlar hakda alada döwletiň geljegi hakda aladadyr.
26-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirmegi we ýaşlarymyzyň işi, durmuşy, okuwy we dynç alşy bilen bagly wezipeler boýunça anyk tabşyryklary bermegi ýaşlar syýasatynyň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlar ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmekde we durmuşa geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär” diýip nygtaýar. Bu bolsa ýaşlaryň kämil watansöýüji, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlary ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň hyjuwly, zähmetsöýer ýaşlary hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny, ägirt uly taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Ýaşlaryň Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza wepalylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň jemgyýete, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Ylmy işler bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň ylmy gözleglerine, döredijilik ukyplaryna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredilip, häzirki gün onuň işleri tutuş ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryndan ybarat wekiliýet halkara maslahatlaryna, sammitlere, sergilere hem işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli işler oňyn özgertmelere beslenýär. Şol özgertmeler bolsa türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, zehinleriniň açylyp, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin, has amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz hem-de bagtyýar ýaşlar uly bagta eýe bolýar. Ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, ýaş raýatlaryň güýç-kuwwatyny artdyrmak we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna olaryň doly düşünmegini gazanmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň ajaýyp döwrümiziň giň gerimli ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmagyna, uly syýasy-jemgyýetçilik güýjüne öwrülmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, dil başarnyklaryny görkezmegi, geljekde ilimize-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin, durmuşa geçirilýän beýik işleriň özenini düzýär.
Ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Begenç BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.