“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly şatlyk, şowhun bilen dowam edýär. Üstümizdäki ýyl milli Liderimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk baýramçylygymyzyň 25 ýyllyk ajaýyp toýunyň belentden tutulmagy bilen, taryhyň altyn sahypasynda özüniň hemişelik ornuny tapar. Bu ajaýyp baýramçylygy uludan bellemek barada döwlet Baştutanymyzyň görkezmesinden ruhlanyp, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly taýýarlyk görülýär. Ykdysady taýdan kuwwatly Watanymyz iri gurluşyklaryň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň köp sanlysynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady strategiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetini innowasion ösüşe geçirmäge, kabul edilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, döwrebap kärhanalary gurmaga, hereket edýänleriniň durkuny düýpli täzelemäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.
2-nji martda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda hem bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, dürli maksatly binalaryň 84-siniň ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň hem-de ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni durmuşynyň baş şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabatda täze desgalaryň 27-siniň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulyp, olaryň hatarynda 1320 orunlyk 2 sany mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, saglyk merkezleriniň 3-si, jemi 2 müň maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-sy, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasy, ýylda 300 tonna demirden dürli bezegli önümleri öndürýän kärhana hem-de beýleki desgalar bar.
2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz: “Biz göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzyň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik” diýip belläp geçipdi. Maýa goýum maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem giň gerimli gurluşyk işleri batly depginde dowam edip, şonuň çäklerinde köp sanly desgalaryň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň sebitlerinde mekdepler, çagalar bagy, hassahanalar, saglyk öýleri, agyz suw desgasy, maldarçylyk toplumlary, fabrikler, gök we bakja önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalar, önümçilik desgalary hem-de ýaşaýyş jaý toplumlary ulanylmaga berler. Bu giň gerimli özgertmeler maksatnamalary ýurdumyzyň bagtyýarlygyndan, abadançylygyndan hem-de ruhubelentliginden nyşandyr.
Ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoluna eýe edip, halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda ýaşadýan milli Liderimize ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde edýän tagallalary üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.