Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da 4 müň ýyl­lyk ga­dy­my şä­her ta­pyl­dy. Ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň bu ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­ny­ tö­tän­den ta­pan­dy­gy mä­lim edil­di.

Hin­dis­ta­nyň Ut­tar Pra­deş we­la­ýa­ty­nyň Wa­ra­na­si şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Bab­ha­ni­ýaw oba­syn­da ar­heo­log­lar ta­ra­pyn­dan giň ge­rim­li ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu obanyň ýer­li ýa­şaý­jy­la­ry gur­lu­şyk iş­le­ri üçin çä­ge alan­la­ryn­da ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­nyň üs­tün­den bar­dy­lar. Olar bir­nä­çe heý­kel­le­ri ta­pyp, olar ba­ra­da alym­la­ra ha­bar ber­di­ler. Şon­dan soň­ra bu ýer­de ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy.

Alym­lar bir­nä­çe heý­kel­ler­den baş­ga-da y­ba­dat­ha­na­la­ryň, ga­dy­my bi­na­la­ryň üs­tün­den bar­dy­lar. Ol bi­na­laryň Gup­ta di­nas­ti­ýa­sy­nyň döw­rü­ne de­giş­li­di­gi mä­lim edil­di. Gup­ta di­nas­ti­ýa­sy­nyň döw­ri Hin­dis­ta­nyň al­tyn asy­ry ha­sap­lan­ýar. Şol dö­wür­de Hin­dis­ta­nyň ede­bi­ýa­ty, pel­se­pe­si, su­nga­ty hem-de binagärligi dö­re­di.

Daýanç SEÝITNAZAROW,

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.