“Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän we sü­rü­ji­siz ulag önüm­çi­li­gi­ni gi­ňelt­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. “Fi­nancial Ti­mes” ga­ze­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2025-nji ýy­la çen­li bu ug­ra 20 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa goý­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da in­no­wa­si­on çöz­güt­ler ka­bul edi­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň özü­ne de­giş­li ba­ta­re­ýa­la­ry ön­dü­ri­ler, olar sy­gym­ly­ly­gy, zar­ýad al­mak tiz­li­gi bo­ýun­ça ta­pa­wut­la­nar. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa 2023-nji ýyl­da elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry­nyň tä­ze gör­nü­şle­ri­niň 20-si­ni ba­za­ra çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa öňü­miz­dä­ki on­ýyl­lyk­da ABŞ-da we Hy­taý­da her ýyl 1 mil­lio­na go­laý şeý­le ulag­la­ry sat­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.

Gel­je­gi na­zar­la­ýan me­ýil­na­ma­la­ryň bin­ýa­dyn­da “Ul­ti­um” teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­tyr. Elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­ly il­kin­ji “GMC Hum­mer” ky­sym­ly ulag gel­jek ýy­lyň ahy­ryn­da taý­ýar edi­ler.

Ymam NA­ZA­ROW,

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my.