Hytaýyň “Zhejiang Geely Holding Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Şufu hususy kosmos kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Ol hem amerikaly işewür Ilon Maskyň ýoluna eýerip, aragatnaşyk emeli hemralaryny öndürmegi göz öňünde tutýar.
Kompaniýa ýurduň Çžeszýan welaýatynyň Taýçžou şäherinde önümçilik-synag merkeziniň gurluşygyna girişdi. Şu ýylyň ahyrynda täjirçilik maksatly aşaky orbita uçurmaga niýetlenen emeli hemralary öndürmek işine başlamak göz öňünde tutulýar. Bu emeli hemralar öz-özüni dolandyrýan awtoulag pudagy üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar. Ol ulaglary anyk nawigasion ulgamy bilen üpjün etmäge hem-de ýerleşýän ýerini santimetrine çenli takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.
“Geely” holdinginiň düzümine “Volvo Cars” we “Geely Automobile” şereketleri hem girýär. 2017-nji ýylda “Geely” holdingi 3,9 milliard dollar sarp edip, “Volvo AB” ýük ulaglaryny öndürýän kompaniýanyň iri paýdary boldy. Şeýle hem bu holding Beýik Britaniýanyň sport ulaglaryny öndürýän “Lotus” we Malaýziýanyň “Proton” awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň eýeçiligini aldy. 2018-nji ýylda bolsa, “Daimler AG” kompaniýasynyň iri paýdary boldy.
Hangeldi BAÝGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.