beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;
burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;
pasyllara görä geýinmeli;
С witaminine baý önümler bilen iýmitlenmeli;
iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli;
hökman lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak we burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;
dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;
asgyrylanda we üsgürilende, hökman elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;
elleriňizi elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we soň, hajathanadan, daşardan geleniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly;
derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Bu esasan hem, antibakterial serişdelerine degişlidir;
Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary kabul ediň;
möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda etdiriň!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrligi.