Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz ra­ýat­la­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ry üçin ulan­mak mak­sa­dy bi­len stra­te­gi­ýa­sy­ny hö­dür­le­di. Eme­li aňy ös­dür­mek we ägirt uly mag­lu­mat­ gor­la­ry bi­len iş­le­mek onuň baş ug­ry bo­lup dur­ýar.
– Eme­li aň mag­lu­mat­la­ryň ägirt uly go­ru­dyr. Mag­lu­mat­la­ry­myz nä­çe köp bol­sa, şon­ça-da amal­lar ul­ga­my­my­zyň “akyl­ly” bol­jak­dy­gy­na şüb­he­len­me­se bo­lar – di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi mag­lu­mat­la­ry do­lan­dyr­mak, öz­baş­dak sak­la­mak we ola­ry ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky ýe­ke-täk ba­za­ryn­da alyş-ça­lyş et­mek ba­bat­da glo­bal bäs­deş bol­mak is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ýag­daý üçün­ji ýurt­la­ra de­giş­li bo­lan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ra ga­raş­ly­ly­gy azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy eme­li aňy iş­läp düz­mek mak­sa­dy bi­len 20 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge bil bag­la­ýar.
– Me­niň pi­ki­rim­çe, bu stra­te­gi­ýa ju­da oý­la­ny­şyk­ly. Çün­ki on­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gel­jek­ki 5-10 ýy­lyň do­wa­myn­da­ky me­ýil­na­ma­sy iş­le­nip dü­zü­len. Dür­li pu­dak­la­ryň, aka­de­mik to­par­la­ryň, ra­ýat jem­gy­ýet­le­riň, umu­man, äh­li gy­zyk­lan­ýan ta­rap­la­ryň bu stra­te­gi­ýa ba­bat­da­ky pi­kir­le­ri­ni, ga­ra­ýyş­la­ry­ny anyk­la­ma­ly. Bu mö­hüm me­se­le – di­ýip, prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça hü­när­men Tom Bu­ýe aýt­dy.
Bu ge­ňeş­me­ler üç aý do­wam edip, ýy­lyň ahy­ry­na çen­li eme­li aň we mag­lu­mat gor­la­ry ba­bat­da bir­nä­çe düz­gün­ler we tek­lip­ler iş­le­nip dü­zü­ler. Şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen il­ki bi­len ola­ra berk ka­nun­lar gi­ri­zil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.