Fransuz kompaniýasy “Renault” elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyny tanyşdyrdy. “Morphoz” atly modeliň iň täsin tarapy ol ulalyp, kiçelýär. Şeýle hem bir gezekki zarýady bilen 700 km ýol geçjekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda satuwdaky ulaglaryň hiç birinde beýle ýokary görkeziji ýok. Täzeçilligi bilen tapawutlanýan ulagda üçünji derejeli awtomatlaşdyrylan ulgam oturdylypdyr. Ulagda “şäher” we “syýahat” sürüş düzgüni bar. Şäher düzgüninde “Morphoz”-yň uzynlygy 4,40 metre, iki tigriniň aralygy 2,73 metre barabar bolýar. Bu ulaga 40 kW/s kuwwatly batareýa ýerleşdirip, onuň bir gezekki zarýady bilen 400 km ýol geçip bolýar. “Syýahat” düzgüninde bolsa, uzynlygy 4,80 metre, iki tigriň aralygy 2,93 metre ýetýär. Şeýlelikde, ulaga has uly goşmaça batareýa oturdyp bolýar. Onuň kuwwaty 50 kW/s bolup, bilelikde 90 kW/sagada ýetýär. Şeýlelikde, iki batareýa ulagyň bir gezekki zarýady bilen 700 km ýol geçmegine mümkinçilik berýär. Modeli ulaldyp kiçeltmek ýörite beketde birnäçe sekuntda tamamlanýar. “Morphoz” şäher düzgüninden syýahat düzgünine geçirilende, yzdaky oturgyçlar yza süýşýär we içi giňäp, ýolagçylaryň aýagyny uzadyp oturmagyna mümkinçilik döreýär. Içki dizaýny ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen ulagyň sürüjisine niýetlenen 10,2 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilipdir. Şeýle hem öň tarapdaky ýolagçy oturgyjyny yza öwrüp bolýar. Gapdal aýnalaryň ýerine bolsa, sanly HD kameralar ýerleşdirilipdir. Kameranyň alýan şekili ulagyň içindäki ekranda görünýär. Şeýle hem kameralar we beýleki sensorlar arkaly alnan maglumatlar ýüze çykyp biljek howpy sürüjä duýdurýar.