Antarktikada iş alyp barýan hünärmenler buz gatlagynyň 800 metr aşagynda ýaşaýşyň alamatlaryny tapdylar. Antarktikanyň galyň buz gatlagy Ýer ýüzüniň has irki döwürlerde nähili bolandygyny, nähili jandarlaryň ýaşap geçendigini öwrenmek üçin iň amatly ýerleriň biri hasaplanýar. Miçigan tehnologiýa uniwersitetiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň dosenti Trista Wik-Maýorsyň ýolbaşçylyk edýän topary Antarktikanyň günbatarynda buzuň aşagyndaky kölden nusgalyk aldylar. Bu ýerde suwuň aşagy ýylyň belli möwsüminde eräp, köl emele gelýär. 800 metrlik buz 24 sagadyň dowamynda gyzgyn suw pürkýän enjam arkaly deşipdirler. Buzuň astynda alnan suw barlananda, organiki uglerod bilen iýmitlenýän örän ownuk organizmler tapylypdyr. Wik-Maýors täze açyşyň planetamyz barada köp zat öwredip biljekdigini, bu ýeriň ýönekeý ekoulgamy görmek üçin örän amatly ýerdigini belleýär. Şeýle hem başga ýerde jogabyny tapyp bolmaýan sowallara bu ýerde jogap tapyp boljakdygyny aýdýar. Gyzgyn suw pürkýän enjam arkaly deşilen ýeriň birnäçe günden doňup gaýtadan ýapyljakdygy mälim edildi.