ZENAN ALYMLARYŇ OÝLAP TAPYŞLARY
Häzirki wagtda durmuşymyzda ulanýan zatlarymyzyň köpüsi öňki döwürlerde ýokdy. Ýönekeý, emma uly iş bitirýän gurallar ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribäniň netijesinde oýlanyp tapyldy. Geliň, zenan alymlaryň oýlap tapyşlarynyň käbirini öwreneliň!
Akwarium: häzirki wagtda kiçijik balyjaklaryň, pyşbagalaryň we beýleki deňiz jandarlarynyň saklanýan gabyna köp ýerde duş gelmek bolýar. Akwarium bu jandarlaryň saklanmagy üçin däl-de, suwda ýaşaýan jandarlary ýakyndan öwrenmek maksady bilen döredilipdir. Fransuz tebigaty öwrenijisi Žanna Wilprýo-Pauer aýna daşly gapyrjagy 1832-nji ýylda oýlap tapýar. Ol ylmy işini dowam etdirmek üçin akwariumda dürli deňiz jandarlaryny saklapdyr. Soňlugy bilen akwariumlar deňiz jandarlaryny synlamak üçin peýdalanylyp başlanypdyr. Hatda häzirki wagtda has uly deňiz jandarlarynyň saklanýan akwariumlary hem bar. Olara okeanarium diýilýär. Dünýäde iň uly okeanarium ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde ýerleşip, onda deňiz jandarlarynyň 100 müňden gowragy ýaşaýar.
Gap-gaç ýuwujy maşyn: Jozefina Kokreýn 1886-njy ýylda gap-gaçlary ýuwmaga niýetlenen mehaniki maşyny oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan maşyny edil häzirkiler ýaly, suwuň pürkülmegi netijesinde, ýagny suwuň güýji bilen gaplary arassalaýan eken. Ol öz oýlap tapan enjamyny 1893-nji ýylda Çikagodaky sergide görkezipdir. Kokreýn elde hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän dürli ululykdaky gap ýuwujy maşynlary işläp düzýär. Kokreýniň täzeçil harydyna restoranlar we myhmanhanalar has köp isleg bildiripdirler. Ondan öň gap-gaç ýuwujy maşyn ýasalan hem bolsa, olar şowly çykmandyr. Şeýle maşynlar 1950-nji ýyllardan soňra öýlerde peýdalanylyp başlanýar.
Ulagyň aýna süpürgiji: ýagyşly günde ulag sürülende awtomat usulda ýagyş suwuny arassalaýan süpürgijiň ähmiýeti uludyr. Bu enjam entek ulaglaryň ýaňy peýda bolup başlan wagtlary oýlanyp tapylypdyr. Geçen asyryň başynda, has dogrusy 1903-nji ýylda Meri Anderson bu enjam üçin patent alýar. Ol 1902-nji ýylyň gyşynda Nýu-Ýorka eden saparynda ýagynly günde tramwaýa münýär. Şonda gar gatyşykly ýagyş ýagýandygy sebäpli maşinistiň çekýän kynçylygyna göz ýetirýär. Ýaşaýan ýeri Alabama ştatyna gelenden soňra inženerler bilen ýagynly howada maşynyň öňki aýnasyny arassalaýan enjamy işläp taýýarlaýar. Mundan ozal hem şeýle enjam bar eken. Emma Andersonyň oýlap tapan enjamy ulagyň içinden el bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýändigi sebäpli ulanmak üçin has amatly hasaplanypdyr. Häzirki wagtda gury ýerde, suwda we howada hereket edýän ähli ulaglarda diýen ýaly aýna arassalaýjy enjam bar.