Düýn badalga alan Türkmenistanyň Milli çempionatynyň 28-nji möwsümine toparlar ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Möwsümiň öňüsyrasynda türgenleşik işlerini geçiren klublarymyz birnäçe futbolçyny-da hatarlaryna goşdular. “Altyn asyr” 3, “Ahal” 4, “Şagadam” 8, “Energetik” 7, “Merw” 10, “Köpetdag” 3 täze futbolçy bilen şertnama baglaşdy.
Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynda çykyş edýän toparlaryndan “Şagadamyň” goragçysy Ata Geldiýew hem-de “Köpetdag” toparynyň derwezeçisi Rahat Japarow gyrgyz topary “Abdyş-Atanyň” düzümine goşuldylar. 30 ýaşly Ata Geldiýew 2018-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň başga bir kluby “Alaýyň” düzüminde çykyş edipdi. 24 ýaşly derwezeçi Rahat Japarow bolsa, ilkinji gezek daşary ýurtda oýnar. Geçen möwsümde Milli çempionatymyzyň iň netijeli hüjümçisi Didar Durdyýewiň (“Ahal”) hem Özbegistanyň “Maşal” toparynyň hataryna goşulmagyna garaşylýar. 26 ýaşly hüjümçi bilen Gazagystanyň “Aktobe” we Özbegistanyň başga bir topary “Nowbahar” hem içgin gyzyklanypdy.