Meksikanyň Akapulko şäherinde geçirilen tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal, zenanlardan britaniýaly Hezer Watson çempion boldy. Nadal finalda amerikaly Teýlor Fritsden 6:3 we 6:2 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy. Bu ýeňiş onuň 23-nji gezek geçirilen “Meksika Açyk” bäsleşigindäki 3-nji, karýerasy boýunça-da 85-nji çempionlygydyr. 33 ýaşly Nadal Jimmi Konnorsdan (109), Rojer Federerden (103) hem-de Iwan Lendlden (94) soň, iň köp çempionlyk gazanan 4-nji erkek tennisçidir.
Britaniýaly Hezer Watson finalda kanadaly Leýla Fernandesi 2:1 (6:4, 6:7, 6:1) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 27 ýaşly Watson WTA-nyň ýaryşlarynda 4-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.