Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ädim­me-ädim çem­pi­on­ly­ga go­laý­la­ýan “Li­wer­pul” to­pa­ry ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da myh­man­çy­lyk­da aşa­ky orun­lar­da bar­ýan “Wat­ford­dan” 3–0 as­gyn gel­di. Ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Sarr (2) bi­len Di­ni der­we­zä gi­riz­di. Bu ýeň­liş “Li­wer­pu­ly” bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­le­mek­den mah­rum et­di. Şun­luk­da, 44 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän “Li­wer­pu­lyň” ýe­ňil­me­zek­li­gi soň­lan­dy. Olar bu ugur­da “Ar­se­na­lyň” 49 oýun­lyk re­kor­dy­na go­laý­lap­dy­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de yz­ly-yzy­na 18 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da “Man­çes­ter Si­ti” bi­len deň­le­şen “Li­wer­pul” re­kor­dy öz ady­na ge­çi­rip bil­me­di.

“REAL KLASIKO”
Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nyň 26-njy tap­gy­ryn­da oý­na­lan “El Kla­si­ko­da” “Re­al Mad­rid” öz meý­dan­ça­syn­da “Bar­se­lo­na­ny” ýaş oýun­çy­la­ry – Wi­ni­si­us Ju­ni­or (71) hem-de Ma­ria­na Dia­zyň (90+2) gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu ýe­ňiş­den soň, 1-nji or­na ge­çen “Re­al Mad­rid” “La Li­ga­da” eze­li bäs­de­şi­ni 73-nji ge­zek utup, 72 ýeň­şi bo­lan “Bar­se­lo­na­dan” öňe saý­lan­dy. 2014-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji ýo­la öz meý­dan­ça­syn­da “Bar­se­lo­na­ny” ýeň­me­gi ba­şa­ran “Re­al Mad­ri­diň” 1-nji pök­gü­si­ni ge­çi­ren Wi­ni­si­us Ju­ni­or “El Kla­si­ko­da” ta­pa­wut­la­nan iň ýaş fut­bol­çy bol­dy (19 ýaş 233 gün). Öň­ki re­kord Lio­nel Mes­sä (19 ýaş 259 gün) de­giş­li bo­lup, ar­gen­ti­na­ly oýun­ça 6 oýun­dan bä­ri “El Kla­si­ko­lar­da” ta­pa­wut­lan­mak ba­şar­da­nok. Şeý­le-de “Bar­se­lo­na” 45 ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek iki “El Kla­si­ko­da” gol ge­çi­rip bil­me­di (1-nji oýun 0–0 ta­mam­la­nyp­dy).
20 ÝYLDAN SOŇ, BIRINJI ORUNDA
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ge­çen tap­gyr­da di­ňe 4 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. “Bo­lon­ýa­ny” Lu­is Al­ber­to (18) we Kor­rea­nyň (21) gol­la­ry bi­len 2-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen “La­sio” 20 ýyl­dan soň, sa­naw­da bi­rin­ji or­na beý­gel­di. Iki möw­süm­den bä­ri hem­mä­niň ün­sü­ni çek­ýän “Ata­lan­ta” to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da “Leç­çe­ni” 7–2 ha­sa­byn­da ýeň­di (Do­na­ti 17 ö.d., Za­pa­ta 22, 54, 62, Ili­çiç 47, Mu­ri­el 87, Ma­li­nowsk­ýi 90+1 — Sa­po­na­ra 29, Do­na­ti 39). “Ata­lan­ta” to­pa­ry şu möw­süm­de 3-nji ge­zek 7 gol­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. “Ka­lia­ri” bi­len “Ro­ma­nyň” ara­syn­da­ky oýun­da 7 gol ge­çi­ri­lip, myh­man­lar 4-3 (Ka­li­niç 29, 41, Klui­wert 64, Mhi­tar­ýan 81 – Gal­wao 28, 89, Pe­rei­ro 75) ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy.
Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da şi­kes alan Ro­bert Le­wan­dows­ki­niň ýok­du­gy­na ga­ra­maz­dan, “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Hof­fen­haý­my” 6–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Oýun­da Kou­ti­nio 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.
Iki aý gow­rak wagt­lyk ara­kes­me­den soň, Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty hem baş­lap, 20-nji tap­gyr­da oý­na­lan 8 du­şu­şy­gyň 5-si deň­lik­de ta­mam­lan­dy.