Güneşli tebigatymyzyň datly miweleriniň biri bolan gawunyň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Lukman hekim ady bilen tanalýan Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr. Gawunyň düzüminde gant, karotin, C, R witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse, aşgazana, içegelere oňat täsir edýär. Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär. Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar.
Türkmenistanda gawunyň gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýändigi barada taryhy kitaplarda birnäçe maglumatlar bar. Gawunyň ýaňy düwüp ugran güllüje düwünçegine teşnek, biraz ulalansoň, oňa tüwlek, heniz doly ulalyp, bişip ýetişmedigine bolsa, terne diýilýär. Gawunyň aglaba görnüşi iýul-awgust aýlarynda bişip ýetişýär. Halk pähimlerinde ol barada şeýle diýilýär: “60 günde atan ýeriňde, 70 günde ýeten ýeriňde”. Bu bolsa, 60 gün geçenden soň, bişen gawuny gözläp tapmaly, 70 günden soň bolsa, olary ýeten ýeriňden alyp, gaýdyp bolýar diýildigidir. Deň iki kesilen gawunyň bir bölegine pelle, onuň dilnen üç-dört bölegine käse, käselenen gawunyň bir bölegine bolsa, kerç diýilýär.
Biziň günlerimizde ýurdumyzyň babadaýhanlary gawunyň aknabat, akgürbek, çalmesek, igdeýaprak, gökmürri, göktorly, gülaby, akmaňyz, kyrkgünlük, ajygabyk, paýendeki, şapbazy, tartary, aknäzik, garypgaldyran, tarlawuk, waharman, zamça ýaly dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Türkmen gawunynyň hasyllylygy, ululygy, süýjüligi, owadanlygy, irbişerligi, ysy bilen bir hatarda, gyşa durumlylygy, uzak ýola alyp gitmäge çydamlylygy ýaly aýratynlyklaryny özünde jemleýän görnüşleri bar. Mysal üçin, mazy – hoşboý ysly, sary kiçijik, iýilmeýän, eliň aýasynda saklap, ysgalýan gawunyň bir görnüşidir. Muňa başgaça, dessemmaýa hem diýilýär. Gyş paslynda bereketli türkmen saçagynyň bezegi bolan – garrygyz gawuny barada bolsa, eşitmedikler ýok bolsa gerek.
Şeýle hem gawundan ene-mamalarymyz toşap, mürepbe, kak, sök, talhan, ijan ýaly tagamlary taýýarlapdyrlar. Gawunyň çigidinden gaýnadylyp alnan ýaga galkma diýilýär. Olar türkmen saçagynyň, toý-baýramlarynyň süýji nygmaty hökmünde giňden peýdalanylýar.