Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, gün­do­gar se­bit­de ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň möh­le­ti­niň we hi­li­niň berk ber­jaý edil­me­gi­niň, şeý­le hem tä­ze se­na­gat kär­ha­na­la­ryn­da eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz, bu ýer­de ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň äh­li­si­niň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­ny my­na­syp gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz di­ku­çar­da Köý­ten­dag et­ra­by­na ug­ra­dy. Şol ýer­de Gar­lyk dag-mag­dan top­lu­my hem-de se­ment za­wo­dy ýer­leş­ýär. Bi­raz sa­lym­dan soň, di­ku­çar “Le­bap” se­ment za­wo­dy­nyň çä­gi­ne gon­dy. Bu za­wod 2013-nji ýyl­da ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz des­ga ge­lip, ýö­ri­te ni­ýet­le­nen ýe­re bar­dy. Şol ýer­de 2020-2023-nji ýyl­lar­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän se­na­gat we önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­nyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­jek dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň çyz­gy­la­ry be­ýan edi­len plan­şet­ler go­ýul­dy. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew ge­çi­ril­ýän de­giş­li iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, “Le­bap” se­ment za­wo­dy­nyň kuw­wa­ty­ny ýyl­da 1 mil­li­on ton­na çen­li art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, onuň ikin­ji no­bat­da­ky­sy­ny gur­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Wi­se-prem­ýer şeý­le hem Le­bap we­la­ýa­tyn­da tä­ze se­ment za­wo­dy­ny gur­mak ba­ra­da hal­ka­ra bäs­le­şi­giň yg­lan edi­len­di­gi­ni aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz se­bit­le­ri ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­nyň döw­le­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şo­ňa gö­rä-de, bu me­se­le­ler se­bit­le­riň te­bi­gy se­riş­de­ler kuw­wa­ty hem-de anyk we­zi­pe­ler bi­len je­bis bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Soň­ra bu ýer­de ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­tyn­da de­giş­li ýol­baş­çy­lar ýur­du­my­zy 2025-nji ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp we bu kün­je­giň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mä­ge yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çe­me­leş­mä­niň, ola­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da­ky me­se­lä ün­si çe­kip, Gar­lyk­da dag-mag­dan top­lu­my­nyň ikin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň gur­lu­şy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çig mal se­riş­de­le­ri­niň bol­ma­gy­nyň ýur­du­my­zyň gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de, şeý­le hem ka­da­ly eko­lo­gi­ýa şert­le­ri­ni dö­ret­mek­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­läp, ola­ry öz­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­nyň je­mi­ni jem­läp, özü­ne ga­raş­ýan di­ku­ça­ra mün­di. Di­ku­çar Türk­me­na­bat şä­he­ri­ne ta­rap ugur al­dy. Uçuş ma­ha­lyn­da mil­li Li­de­ri­miz oba­se­na­gat top­lu­my­nyň we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len, her bir se­bi­tiň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ni na­za­ra al­mak ar­ka­ly taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­lar, ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň ge­ri­mi hem-de al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýa­ta iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Le­ba­byň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, onuň Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na taý­ýar­la­ny­ly­şy hem-de bu ýer­de ge­çi­ril­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ka­ra fo­ru­ma we da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gör­lü­şi­niň bar­şy bi­len tan­şyp, at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek hem-de onuň çäk­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Türk­me­na­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di we bu ýer­den paý­tag­ty­my­za ug­ra­dy.