ke­sel ba­ra­da mag­lu­mat­lar­dan ha­bar­ly bo­lup, ola­ry ça­ga­la­ry­ňy­za öw­re­diň;
el­le­ri­ňi­zi ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn­lap ýu­wuň;
üs­gür­ýän, as­gyr­ýan adam­lar­dan ga­ça du­ruň. Ara­lyk 1 metr­den az bol­ma­ly däl;
as­gy­ra­ny­ňyz­da, üs­gü­re­ni­ňiz­de ag­zy­ňy­zy el­ýag­lyk bi­len ýa­pyň;
syr­kaw hal­da köp­çü­li­ge çyk­ma­jak bo­luň;
her gün pen­ji­rä­ni, ga­py­ny açyp, ota­gyň ho­wa­sy­ny tä­miz­läň;
öýü­ňiz­de has­sa bar bol­sa, oňa aý­ra­tyn otag be­riň, ideg et­mek üçin aý­ra­tyn adam ber­ki­diň we has­sa­nyň ýag­da­ýy­na ýy­gy-ýy­gy­dan gö­zeg­çi­lik ediň;
dü­me­wiň ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan­da, ýy­ly ýer­de bo­lup, köp muk­dar­da su­wuk­lyk iç­me­li;
has­sa­nyň ýag­da­ýy er­bet­leş­se, ha­ýal et­män luk­ma­ny ça­gy­ryň;
gow­şak­lyk, bi­huş­lyk, tut­gaý­lar, dem­gys­ma, su­wuk zat­la­ry içip bil­mez­lik, be­de­niň ­gyz­gy­ny­nyň ­ýo­ka­ry gal­ma­gy ýa­ly, howp­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kan­da, ha­ýal et­män “Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek” gul­lu­gy­na ýüz tut­ma­ly;
ke­se­liň öňü­ni al­mak üçin, sag­ly­gy­ňy­za üns­li bo­lup, aras­sa­çy­lyk düz­gü­ni­ni berk we do­ly ber­jaý ediň!

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi.