Futbol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li çem­pio­na­ty­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. 28-nji möw­sü­miň il­kin­ji 2 tap­gy­ryn­da 6 du­şu­şyk oý­na­lyp, soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny “Al­tyn asy­ryň” myh­man­çy­lyk­da “Merw”, öz meý­dan­ça­syn­da-da “Ahal” bi­len ge­çir­me­li oýun­la­ry so­ňa süý­şü­ril­di. 1-nji tap­gy­ryň gol ge­çi­ri­len ýe­ke-täk du­şu­şy­gyn­da “Ahal” öz meý­dan­ça­syn­da “Ne­bit­çi­ni” 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “Ahal” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 22-nji mi­nut­da Mu­rat Ýak­şi­ýew bi­len 73-nji mi­nut­da 11 metrlik je­ri­me ur­gu­syn­dan El­man Ta­ga­ýew der­we­zä gi­riz­di. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, möw­sü­miň il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­ren Mu­rat Ýak­şi­ýe­we bu möw­süm­de-de il­kin­ji du­şu­şyk­da ta­pa­wut­lan­mak ba­şart­dy. Ol 4 möw­süm­den bä­ri il­kin­ji du­şu­şyk­lar­da gol ge­çi­rip gel­ýär. 1-nji tap­gy­ryň beý­le­ki 2 oý­nun­da ha­sap açyl­ma­dy. Ýag­ny “Kö­pet­dag” bi­len “Mer­wiň” hem-de “Şa­ga­dam” bi­len “Aş­ga­ba­dyň” ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar 0–0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.
Möw­sü­miň 2-nji tap­gy­ryn­da-da o di­ýen köp gol ha­sa­ba alyn­ma­dy. Ýer­li der­bi­le­riň (bir şä­he­riň iki to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şy­ga di­ýil­ýär) ge­çi­ri­len bu tap­gy­ryn­da oý­na­lan 3 du­şu­şy­gyň 2-sin­de ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Bal­kan der­bi­sin­de “Ne­bit­çi” öz meý­dan­ça­syn­da “Şa­ga­dam­dan” 1-0 üs­tün çyk­dy. Bal­ka­na­bat­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 76-njy mi­nut­da kel­le ur­gu­sy bi­len tej­ri­be­li hü­jüm­çi Mäm­me­da­ly Ka­ra­da­now öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ma­ry der­bi­sin­de dü­zü­mi­ne bir­nä­çe tä­ze oýun­çy go­şan “Merw” öz meý­dan­ça­syn­da “Ener­ge­tik” bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýe­ňi­ji­ni ýe­ke gol kes­git­le­di. Şol ýe­ke-täk pök­gi­ni hem “Merw” to­pa­ry­nyň tej­ri­be­li oýun­çy­sy Döw­let Baý­ra­mow 32-nji mi­nut­da der­we­zä gi­riz­di. Paý­tagt der­bi­sin­de bol­sa, “Kö­pet­dag” myh­man­çy­lyk­da “Aş­ga­bat” to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. “Kö­pet­da­ga” 3 utuk ga­zan­dy­ran go­ly 67-nji mi­nut­da Şi­ri An­na­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Du­şu­şyk­da “Aş­ga­bat­dan” 7 fut­bol­ça, “Kö­pet­dag­dan” bol­sa 5 fut­bol­ça hem-de 1 tä­lim­çä sa­ry kart gör­ke­zil­di.
Ge­çi­ri­len 2 tap­gyr­dan soň, “Kö­pet­dag” 4 utuk bi­len sa­naw­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 3 utuk­ly to­par­lar­dan “Ahal” 2-nji, “Merw” 3-nji, “Ne­bit­çi” 4-nji or­ny eýe­le­ýär.