Bos­ton uni­wer­si­te­ti­niň ame­ri­ka­ly alym­la­ry D wi­ta­mi­ni ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak üçin gü­neş­li ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp geç­ýär­ler. Be­den­de ýe­ter­lik muk­dar­da wi­ta­min ön­dür­mek üçin her gün 15 mi­nut aras­sa hem-de gü­neş­li ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­giň ýe­ter­lik­di­gi mä­lim edil­di.
D wi­ta­mi­ni­niň ýet­mez­çi­li­gi­ni şu ala­mat­lar­dan bil­mek bol­ýar: süňk­ler­de agy­ry duý­mak, ir­den bo­gun­lar­da­ky he­re­ke­tiň pe­sel­me­gi, kel­lä­niň aşa köp der­le­me­gi we beý­le­ki­ler. Luk­man­la­ryň bel­läp geç­me­gi­ne gö­rä, wi­ta­min­li önüm­ler­den baş­ga-da Gün şöh­le­si mö­hüm­dir. Ol adam be­de­ni üçin ze­rur bo­lan D wi­ta­mi­ni­niň esa­sy çeş­me­si­dir. Şo­nuň üçin, hü­när­men­ler müm­kin bol­du­gy­ça ma­ýyl we gü­neş­li günlerde has köp ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Atajan GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.