Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Maast­riht şä­he­rin­de TE­FAF sun­gat we gym­mat­ba­ha ga­dy­my su­rat­la­ryň hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu ser­gi­de dün­ýä bel­li ni­der­land su­rat­ke­şi Win­sent Wan Go­guň ese­ri sa­tyl­dy. “Daý­ha­nyň öýü­niň peý­za­žy” at­ly eser 15 mil­li­on ýew­ro ba­ha bi­len tä­ze müş­de­ri­sine gow­şu­ryl­dy.
Bu su­rat 1885-nji ýyl­da çe­ki­lip­dir. 1967-nji ýyl­da oba söw­da-ýar­mar­ka­syn­da ba­ry-ýo­gy 4 fun­ta saty­lyp­dyr. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len ol Lon­don şä­he­rin­de 45 fun­ta sa­tyl­dy. 1970-nji ýyl­da bu eser “Sot­he­by’s” söw­da öýün­de 4 ge­zek sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Soň­ky ge­zek 2001-nji ýyl­da bu su­rat ABŞ-nyň ra­ýa­ty ta­ra­pyn­dan 1,7 mil­lio­n dollara sa­tyn al­nyp­dy.
– Wan Go­guň ese­ri­niň sa­tyl­ma­gy ba­bat­da yla­la­şy­gyň ga­za­nyl­ma­gy bi­zi diý­seň be­gen­dir­di. Di­ňe res­mi­leş­dir­äýmek gal­dy – di­ýip, Lon­do­nyň “Dickin­son” ga­le­re­ýa­sy­nyň mü­di­ri Em­ma Word gür­rüň ber­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 7-15-nji mart ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­lýän ser­gi­niň iň bir naý­ba­şy eser­le­ri­niň bi­ri Wan Go­guň su­ra­ty bol­dy.

Remezan PIRKULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.