Her alty aýdan bir gezek Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň kömekçi brendi “Redmi” öz müşderilerini begendirip durýar. Bu gezek “Redmi Note 9” görnüşli smartfonlaryň 2-si köpçülige hödürlendi. Olaryň esasy tapawutly taraplary, kamerasy we zarýad beriş tizligi bolup durýar.
“Redmi Note 9 Pro” we “Redmi Note 9 Pro Max” smartfonlarynyň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döretmegine garaşylýar. “Redmi Note 9 Pro Max” telefonyny “Qualcomm Snapdragon 720G” işleýiş ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, batareýasy 5020 mAh bolup, 33 Wt çalt zarýad alýar.
“Redmi Note 9 Pro” bolsa birneme ýönekeýleşdirilen aýratynlyklary bolan smartfonyň arzan görnüşi bolup durýar. Enjam birmeňzeş 6,67 dýuým ekran, “Qualcomm Snapdragon 720G” prosessor we 5020 mAh batareýa bilen üpjün edilendir. Kameranyň esasy modulynyň ölçegi 64 megapiksel däl-de, 48 megapiksel. Öň kamerasy 16 megapiksel. Telefon 175 dollardan satylar.
Gurbanguly GURBANGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.