2020-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Olimpiýa oýunlarynyň alawy gadymy Olimpiýada dabaraly ýagdaýda ýakyldy. Bu alaw Olimpiýa oýunlary döwründe Tokionyň stadionynda ýanyp durar. Ilkinji gezek bu dabara tomaşaçy çagyrylmady.
Gadymy Gresiýanyň iň uly mukaddes ýerlerinden biri hasaplanýan Olimpiýada geçirilen dabara Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulos, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah we beýleki ygtyýarly wekiller gatnaşdy.
Gadymy Olimpiýada alaw ýakmak dabarasy Gera ybadathanasynda geçirildi. Alaw Gün şöhlesinden peýdalanyp ýakyldy. Dabaranyň baş ruhanysynyň keşbini aktrisa Ksanti Georgiou ýerine ýetirdi.
Alaw ýakmak dabarasyndan soňra alawyň aýlawy başlandy. Ol Gresiýanyň çäklerinde 8 gün bolup, soňra 19-njy martda ýurduň paýtagty Afiny şäherindäki “Panatinaikos” stadionyna getiriler. Bu ýerde hem Olimpiýa oýunlarynyň alawy Ýaponiýanyň guramaçylaryna gowşurylar.
Gara ÝAZYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.