“Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy “Pixel 4a” atly ar­zan ba­ha­ly smart­fo­ny­ny hal­ka ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Tä­ze te­le­fo­nyň kä­bir aý­ra­tyn­lyk­la­ry, eý­ýäm, in­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da ýaý­ra­dyl­dy. Onuň 5,81 dýuým ek­ra­ny bo­lup, 1080х2340 pik­sel göw­rü­mi­ne eýe­dir. “Snapd­ra­gon 730” amaly ul­ga­my bi­len bu te­le­fon ar­ka­ly 12 me­ga­pik­sel durulykda su­ra­ta dü­şür­mek bo­lar.
Ol 6 gi­ga­baýt iş­le­ýiş we 64 gi­ga­baýt içki ýa­dy bi­len köp­le­riň ün­sü­ni çek­se ge­rek. Ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len “Pixel 3a” bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ozal­ky­sy 4/64 gi­ga­baý­ta deň­di. Täze telefonyň “Go­og­le” in­ter­net kom­pa­ni­ýa­sy­nyň maý aýyn­da ge­çir­jek mas­la­ha­tyn­da ta­nyş­dyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Muhammet GARAHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.