Ýur­du­my­zyň ulag dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, aw­to­mo­bil we beý­le­ki ulag­la­ryň teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ulag ul­ga­myn­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da, ýo­lag­çy­la­ra bu ugur­da ýo­ka­ry hil­li we me­de­ni­ýet­li hyz­mat et­me­giň hem de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze we hä­zir­ki za­man ulag se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da
hormatly Pre­zi­den­ti­miz ila­ta edil­ýän aw­tou­lag hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan 400 sa­ny “Hy­un­dai All New Su­per Aero City” ky­sym­ly şä­he­ri­çi aw­to­bus­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy ba­bat­da, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Bu res­mi­na­ma esa­syn­da, sa­tyn alyn­jak tä­ze ulag­lar paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň ulag par­ky­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, şä­he­ri­çi bo­ýun­ça ýo­ka­ry hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky dö­wür­de paý­tag­ty­my­zyň çäk­le­ri gi­ňel­dil­di, tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry, şa­ýol­lar we kö­çe­ler gu­rul­ýar. Yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýan aw­tou­lag­lar şä­her ugur­la­ry bo­ýun­ça, şeý­le-de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­na hyz­mat et­mek üçin peý­da­la­ny­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik ulag­lar par­ky­nyň köp bö­le­gi­ni Ko­re­ýa­da ön­dü­ri­len aw­to­bus­lar tut­ýar. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk oňyn ne­ti­je ber­ýär. Şun­da, ta­rap­la­ryň iki­si hem gat­na­şyk­la­ry uzak­möh­let­le­ýin esas­da do­wam et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Ýo­ka­ry hil de­re­je­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýan we ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän “Hy­un­dai” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň aw­to­bus­la­ry ýur­du­my­zyň şä­her we şä­he­ra­ra ugur­la­ryn­da iş­jeň he­re­ket ed­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ugur al­ýan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň san­lylaş­dy­ryl­ma­gy, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne, Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­ga­my­na hem tö­le­giň elekt­ron gör­nü­şi gi­ri­zil­di. Tä­ze ul­gam tiz wagt­da nagt se­riş­de­ler bi­len ha­sap­laş­ma­gy ara­dan aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Bu bol­sa sü­rü­ji­ler we ýo­lag­çy­lar üçin tö­leg amat­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. “Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi ila­ty­my­zyň aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ýo­lag­çy­la­ra ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän aw­tou­lag hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li we me­de­ni­ýet­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze aw­to­bus gat­naw­la­ry­ny yzy­gi­der­li ýo­la goý­ýar. Bu agent­lik ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra we giň ge­rim­li çä­re­ler döw­rün­de hem ila­ty­my­za ýo­ka­ry hil­li hyz­mat ed­ýär. Şol ugur­da aw­to­bus­la­ryň sa­ny­ny kö­pel­dip, hal­kyň baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Ma­ýa MI­ŞE­KO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
uly mu­gal­ly­my.