“Ju­meý­ra pal­ma­sy” ada­sy­na ýö­ne ýe­re dün­ýä­niň se­ki­zin­ji tä­sin­li­gi di­ýil­me­ýär. Du­ba­ýyň ke­na­ryn­da­ky bu üý­şü­ri­lip gal­dy­ry­lan eme­li ada, Pars aý­la­gyn­da­ky adam eli bi­len bi­na edi­len ha­ky­ky tä­sin­lik bo­lup, ol dün­ýä­niň aja­ýyp ýa­şa­ýyş zo­lak­la­ry­nyň we ab­raý­ly şy­pa­ha­na­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ada­nyň meý­da­ny 600 fut­bol meý­dan­ça­sy­na deň bo­lup, bu ýag­daý ony hem­ra gö­zeg­çi­li­gi ar­ka­ly aň­sat saý­gar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ol Du­ba­ýyň eme­li “pal­ma ada­la­ry” to­pa­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lup, yk­ly­myň ke­nar ýa­ka­sy­ny gi­ňelt­mek we ja­han­keş­de­le­ri özü­ne çek­mek mak­sa­dy bi­len gu­rul­dy.
Bu ada­nyň gur­lu­şy­gyn­da hiç hi­li me­tal gurluş ula­nyl­man­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Ada­nyň tö­we­re­gin­de tol­kun­lar­dan go­ra­ýan 11 ki­lo­metr­lik ga­çy bar. Şeý­le hem, bu ýer­dä­ki myh­man­ha­na­la­ryň ho­wuz­la­ry we plýaž­la­ry daş­gyn wag­ty aras­sa de­ňiz su­wy bi­len tä­ze­len­ýär. Eme­li ada­da 80 müň tö­we­re­gi adam he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. “Ju­meý­ra pal­ma­sy” köp san­ly ka­şaň myh­man­ha­na­la­ry we güý­men­je­li inf­rast­ruk­tu­ra­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýer­dä­ki on­lar­ça gat bi­na­lar, su­was­ty otag­lar kö­püň göw­nün­den tur­ýar. My­sal üçin, bu ýer­de dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ak­wa­park we ak­wa­ri­um­lar ul­ga­my bo­lup, olar­da de­ňiz fau­na­sy­nyň 65 müň jan­da­ry ýa­şa­ýar.
Aku­la­lar­dan gork­ma­ýan­lar üçin, ada­ty bol­ma­dyk su­was­ty ge­ze­lenç­ler gu­ra­lan. Bu ýe­re gel­ýän­ler eme­li ada­nyň gö­zel­lik­le­ri­ni gu­şu­çar be­lent­lik­den syn­la­mak üçin, iki adam­lyk uça­ra mü­nüp, as­ma­na gö­te­ril­ýär­ler. “Ju­meý­ra pal­ma­sy” ada­sy­nyň 80 ki­lo­met­re go­laý ke­nar ýa­ka­syn­da tä­sin plýaž­lar we dynç alyş mer­kez­le­ri bar. My­sal üçin, ada­nyň gün­do­ga­ryn­da “Vis­ta ma­re” top­lu­my ýer­le­şip, ol ýer­de gar­ba­nyş­ha­na­lar we gö­ni deň­ze çyk­ýan ho­wuz­lar bar. Ada­da­ky “Pal­ma di­ňi” at­ly tä­ze gur­lu­şyk 50 gat­dan yba­rat bo­lup, onuň de­pe­sin­den se­re­de­niň­de, bu ada edil eliň aýa­syn­da ýa­ly gö­rün­ýär.