For­mu­la 1 bo­ýun­ça tä­ze möw­sü­mde 21 ýa­ryş (hä­zir­lik­çe) ge­çi­ri­ler. F1-iň 71-nji möw­sü­min­de to­par­la­ryň 10-sy çy­kyş edip, ola­ryň adyn­dan 22 sü­rü­ji ýa­ry­şa gat­na­şar (her to­par­dan 2 sü­rü­ji). Möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­şy bo­lan Bah­reýn­ “Gran Pri­si” 22-nji mart­da ge­çi­ri­ler. Ol F1-iň ta­ry­hyn­da to­ma­şa­çy­syz gu­ral­jak il­kin­ji bäs­le­şik bo­lar. 5-nji ap­rel­dä­ki Wýet­nam “Gran Pri­si” bi­len 3-nji maý­da­ky Ni­der­land­lar “Gran Pri­si” sa­na­wa tä­ze go­şu­lan ýa­ryş­lar­dyr. F1 ýa­ry­şy Wýet­nam­da il­kin­ji sa­par gu­ral­sa, Ni­der­land­lar­da 1985-nji ýyl­dan soň 1-nji ge­zek ge­çi­ri­ler. Dür­li se­bäp­le­re gö­rä, ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ri­liş ter­ti­bi­ne kä­bir üýt­geş­me­ler gi­ri­zil­me­gi müm­kin. Ýag­ny kä­bir ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­jek wag­ty süý­şü­ri­lip bil­ner, hat­da “Gran Pri­le­riň” kä­bi­le­ri­niň ge­çi­ril­mez­li­gi hem ah­mal. Möw­süm 29-njy no­ýabr­da Abu Da­bi “Gran Pri­si” (BAE) bi­len jem­le­ner.
Çem­pio­na­ta gat­naş­jak to­par­lar­da üýt­ge­şik­lik bol­man, to­par­la­ryň kä­bir­le­ri­niň he­ma­ýat­kär­le­ri ça­lyş­dy. Ge­çen ýyl­da-da ýa­ry­şan “Fer­ra­ri” (Ita­li­ýa), “Mercedes” (Ger­ma­ni­ýa), “Ha­as” (ABŞ), “Re­nault” (Fran­si­ýa), “Racing Point” (B. Bri­ta­ni­ýa), “MacLa­ren” (B. Bri­ta­ni­ýa), “Red Bull” (Awst­ri­ýa), “Wil­liams” (B. Bri­ta­ni­ýa), “Al­fa Ro­meo” (Şweý­sa­ri­ýa) hem-de “Alp­ha Tau­ri” (Ita­li­ýa, ozal­ky “To­ro Ros­so”) to­par­la­ry bu ýyl­da hem çem­pio­na­ta gat­na­şar­lar.
F1-iň soň­ky 6 möw­sü­min­de “Mercedes” to­pa­ry hem konst­ruk­tor­la­ryň, hem-de sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýär. Bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň bo­lup, “Mercedes” to­pa­ry re­kor­dy “Fer­ra­ri” bi­len paý­laş­ýar. Ne­mes to­pa­ry­nyň esa­sy mak­sa­dy, bu ýyl­da-da go­şa çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, re­kor­dy öz ady­na ge­çir­mek.
Sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy da­laş­gä­ri gür­rüň­siz soň­ky 6 ýyl­da 5 ge­zek çem­pi­on bo­lan Lýu­wis Ha­mil­ton­dyr (“Mercedes”). Umu­my­lyk­da F1-iň 6 ge­zek çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji ýe­ňiş­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­ne bi­ri­ni go­şup, Mi­ha­el Şu­ma­he­riň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­mak­çy bol­ýar. Şeý­le-de Ha­mil­to­nyň to­par­da­şy Walt­te­ri Bot­tas, “Fer­ra­ri­niň” sü­rü­ji­le­ri Se­bas­ti­an Wet­tel bi­len Şarl Lek­ler da­gy hem çem­pi­on­ly­gyň beý­le­ki da­laş­gär­le­ri ha­sap­lan­ýar.