18-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda “Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň elektron
ulgamyny kemala getirmek we milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini degişli derejede üýtgedip
guramak boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz berdi. Wise-premýer köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşine we sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada ozal beren tabşyryklary boýunça habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine hem-de guramaçylyk düzümlerine täze gurallar, usullar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Olary sanly ulgama öwürmegiň barşynda döredijilik we önümçilik edaralaryň arasynda içki tor ulgamy ýola goýuldy, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň tehniki önümçilik bilen gatnaşyklary has işjeňleşýär.
Türkmenistanyň Metbugat merkezinde sanly neşir üçin ýöriteleşdirilen poligrafiýa programmalary hem-de häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şolar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi metbugat we elektron neşirleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzyň durmuşy, onuň üstünlikleri we gazananlary barada halkara jemgyýetçiliginiň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa söz berdi. Wise-premýer sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de hereket etmegiň degişli meýilnamasyny durmuşa geçirmek, elektron hökümet ulgamyny kemala getirmek hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Elektron Hökümet” ulgamynyň peýdalanyjylarynyň şahsyýetini anyklamagyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda düzgünnamanyň, “Elektron Hökümet” ulgamynyň fiziki we ýuridiki şahslarynyň maglumatlar binýadyny (ID) kemala getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda düzgünnamanyň”, “Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň düzgünnamasynyň” taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň görkezmelerini ýerine ýetirmek ugrunda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan zerur bolan hünärmenler bilen üpjün ediljek IT-meýdançalary, şeýle hem ugurdaş okuw merkezlerini döretmek maksat edinilýär.
Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän ähli gazetleri we žurnallary bir bitewi internet-saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň häzirki döwürde bütin dünýäniň barýan ugry bolup durýandygyny, onuň biziň gündelik durmuşymyza we işimize ornaşýandygyny, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýändigini we mundan beýläk hem biziň öňümizde bu işleriň diňe tizleşmeginiň garaşýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Milli Liderimiz häzirki döwürde munuň möhüm bolan zerurlykdygyny hem-de ähli işleri oňat guramaga, utgaşdyrmaga we işleriň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän işleri dolandyrmagyň oňyn guralydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gysga wagtyň içinde elektron hökümet ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda dolandyryş işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Häkimlikler we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bu işleri aýratyn üns merkezinde saklamalydyr.
Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky meselä dolanyp geldi hem-de kompýuterleriň döwründe doglan we önüp-ösen ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň içgin öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz maglumatlary ýaýratmak üçin planşetlerden we smartfonlardan başlap, telewizorlara çenli kabul ediji enjamlaryň dürli görnüşlerinde maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýän täze çemeleşmeleri we çözgütleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mysal hökmünde wise-premýerlere metbugat neşirleriniň birini elektron görnüşinde açyp görkezip, onuň okyjy üçin örän bähbitli bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň çap etmek önümçiligi bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, olaryň çatylyp goýulma görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterlidiginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde tapawutly aýratynlygy bardyr.
Mundan başga-da, milli Liderimiz elektron gazetleriniň kagyz görnüşindäkiden tapawutlylykda maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi — elektron gazetleriniň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet-serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşine geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ýurdumyzyň sanly ulgama geçmegini, aýratyn hem bu babatda Hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamagyň möhletini kesgitledi.