17-18-nji mart­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 12 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň se­na­gat­çy­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­ri­niň ser­gi­si­niň hem-de bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mö­hüm çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niñ ýol­baş­çy­la­ry, hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riñ we eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyñ, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryñ we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de köp­san­ly da­şa­ry ýurtly myh­man­la­r gat­naş­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän hu­su­sy işe­wür­li­giň we­kil­le­ri­niň 24 müň­den gow­ra­gy­ny bir­leş­dir­ýär. Döw­le­te da­hyl­syz ul­ga­myň yk­dy­sa­dy­ýet­de eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha art­dy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Şu ge­zek­ki göz­den ge­çi­riş çä­re­si­ne hu­su­sy işe­wür we­kil­le­riň 200-den gow­ra­gy öz önüm­le­ri­ni, hyz­mat­la­ry we alyp bar­ýan iş­le­ri­ni ta­nyş­dyr­dy­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ry we we­la­ýat gu­ra­ma­la­ry hu­su­sy kär­ha­na­lar hem-de oba ho­ja­ly­gyn­da, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da, gur­lu­şyk­da, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni we elekt­rik en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek­de, IT-teh­no­lo­gi­ýa­lar­da, şeý­le hem söw­da­da, sy­ýa­hat­çy­lyk­da, bi­lim­de, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, ulag we lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da, ama­ly se­net­çi­lik­de we beý­le­ki ugur­lar­da iş­le­ýän hu­su­sy kär­ha­na­lar hem-de ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri bar.
Döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na de­giş­li oba ho­ja­ly­gy­nyň iri kär­ha­na­la­ry, tu­tuş se­na­gat zo­lak­la­ry, döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry, önüm­çi­li­giň we gaý­ta­dan iş­le­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­ny öz içi­ne al­ýan guş top­lum­la­ry, mal­dar­çy­lyk we ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry, gök-bak­ja eke­ran­çy­ly­gy,şeý­le hem, mi­we­li bag­çy­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Bu ugur­lar­da yh­las­ly zäh­met çek­ýän hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­miz uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de öz tut­ýan orun­la­ry­ny bar­ha art­dyr­ýar­lar. Biz hem bu ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na we yl­my mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­ýä­ris.
Ab­dy­rah­man Mäm­met­ni­ýa­zow, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň “Ro­waç-sy­ýa­hat­çy­lyk” bö­lü­mi­niň mü­di­ri:
– Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­myz­da beý­le­ki ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny hem ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 12 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ser­gi ge­çi­rildi. Biz hem bu ser­gä gat­naş­dyk. Ýurdumyzyň sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry dün­ýä­niň 60-dan gow­rak döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýärler, şeý­le hem bu kär­ha­na­la­r da­şa­ry ýurt­da ge­çi­ril­ýän uly hal­ka­ra ser­gi­le­ri­ne gat­na­şyp, şol ýer­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ma­ha­bat­lan­dyr­ýar­lar.
Eneş Hu­da­ýa­­ro­wa, “Çi­gil­dem” hususy kär­ha­na­sy­nyň hü­när­me­ni:
– Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 12 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len ser­gi­de “Çi­gil­dem” hususy kär­ha­na­sy hem öz tä­ze önüm­le­ri­ni hö­dür­le­di. Bi­ziň kär­ha­na­myz 2012-nji ýyl­dan bä­ri hal­ky­my­zyň we da­şa­ry ýurtly­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nyp gel­ýär. Ser­gi­de dün­ýä­niň iň soň­ky kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp, ýo­ka­ry hil­li, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän me­bel­le­ri, ýor­gan­la­ry, ýas­syk­la­ry hem-de iş otag­la­ry üçin her dür­li me­bel­le­ri­ hö­dür­le­dik. Kär­ha­na­myz da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­ri­ne hem yzy­gi­der­li gat­naş­ýa­rys. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len ser­gi­de bi­ziň kär­ha­na­myz ser­gi­dä­ki di­war­ly­gy bi­len bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­ze bil­dir­ýän yna­my­ny, dö­re­dip ber­ýän aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öde­mek üçin ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de “Çi­gil­dem” hususy kärhanamyzyň şa­ham­ça­la­ry­nyň sa­ny­ny has hem kö­pel­dip, türk­men hal­ky­my­zy tä­ze önüm­le­ri­miz bi­len yzy­gi­der­li be­gen­di­rip dur­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris.

Aý­se­nem ATA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler
mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.