Awst­ra­li­ýa­ly alym­la­ryň ge­çi­ren sel­jer­me­le­ri­ne gö­rä, ja­ýyň tö­we­re­gin­dä­ki gök öwüs­ýän bag­la­ryň muk­da­ry­nyň uky­nyň hi­li­ne tä­sir ed­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Daş-tö­we­re­gi bag-bak­ja­ly bo­lan adam­la­ryň uku­sy­ny has go­wy al­ýan­dy­gy anyk­lan­yldy.
Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýa­şyl zo­lak­lar ýa­şa­ýyş ýe­rin­dä­ki ses­le­ri we ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­ny azald­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ys­sy möw­süm­de ho­wa­nyň sal­kyn bol­ma­gy­na tä­sir edip, ota­gyň bö­lek­le­ýin ga­raň­ky bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Şeý­le hem te­bi­gat bi­len ara­gat­na­şyk adam­la­ryň şäh­di­ni açyp, psi­ho­lo­gi­ki ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ýar.
Awst­ra­li­ýa­ly alym­la­ryň uzak wagt­lap ama­la aşy­ran yl­my-bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­si­ne la­ýyk­lyk­da, 1,6 ki­lo­met­re uzap gid­ýän ýa­şyl gi­ňiş­lik­de ýa­şa­ýan adam­lar­da uku­syz­lyk how­pu­nyň ýok­du­gy mä­lim edil­di.

Aýgül ÇARYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.