Germaniýanyň awtoulag öndüriji “Volkswagen” kompaniýasy dünýäniň iň kiçi göwrümli elektrik togy bilen işleýän ulagyny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu ulag “ID.1” diýlip atlandyrylar. Bu barada “Car” neşiri habar berýär. Täze ulag MEB platformasy bilen enjamlaşdyrylar.
Kiçi “ID.1” ulagy 24 ýa-da 36 kWt/s kuwwatyndaky batareýalar bilen üpjün ediler. Häzirki zaman elektroulaglaryna 60-80 kWt/s kuwwatyndaky hereketlendirijiler oturdylýar. Ýöne täze ulagyň kiçi batareýalar bilen üpjün edilmegi satyn alyjylary gyzyklandyrmagy mümkin. Sebäbi, bu ýagdaý onuň bahasynyň hem amatly boljakdygyny görkezýär. Çaklamalara görä, bu ulag bir gezeklik zarýad bilen 220-290 kilometr ýol geçip biler. Ýewropanyň şäherleriniň ýaşaýjylary üçin bu görkeziji ýeterlik bolup durýar. Kompaniýa bu ulaglaryny 2024-nji ýylda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, “Volkswagen” kompaniýasy bu ugurda täze sepgitlere ýetmek isleýär. Konsern 2023-nji ýylda 1 million sany elektroulag öndürmegi we 2025-nji ýylda bu görkezijini 1,5 milliona ýetirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem bu awtoulaglaryň her biri elektrik toguny saklar. Bu ätiýaçlyklaryň hemmesi birleşdirilende, ägirt uly energiýa ätiýaçlygy emele geler.
Mähri ABDYRAHMANOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.