Fransiýanyň “VoltAero” kompaniýasynyň ilkinji gibrid uçary uçuş synagyndan geçirildi. “Cassio 1” uçary “Nissan” kompaniýasy tarapyndan öndürilen elektrik hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň elektrikli hereketlendirijileriniň kuwwaty 61 ýa-da 95 at güýjüne eýedir.
2021-2022-nji ýyllarda “Cassio” uçarlarynyň üç görnüşi köpçülige hödürlener. Olar doly elektrik togy bilen hereket edip, 4 adama niýetlenendir. Şeýle hem uçarlaryň 2 görnüşi 6 we 9 orunlyk bolar. Bu uçarlar 3 sany elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar.
“Cassio” uçarlarynyň elektrik togy bilen işleýän görnüşleriniň uçuş aralygy 200 kilometre deň bolar. Gibrid uçarlar bolsa 600 kilometre çenli uçup bilerler.
Aýbölek JUMAMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.