Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 3-nji ýaryşy Meksikada geçirildi. Ýurduň Leon şäherinde geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo Racing” toparynyň fransiýaly sürüjisi Sebastian Ožie ýeňiji boldy. Ol 324,85 kilometr aralygy 2 sagat 27 minut 47,6 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 48-nji ýeňşini gazandy. Bu onuň Meksikadaky 6-njy birinjiligi bolup, ol atdaşy Sebastian Lýobuň rekordyna şärik boldy. Bäsleşikde Ožieden 27,8 sekunt yza galan estoniýaly Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) 2-nji, 37,9 sekunt soň pellehanadan geçen finlýandiýaly Teemu Suninen (“M-Sport Ford”) 3-nji ýeri eýeledi.
Geçirilen 3-nji ýaryşdan soň, utugyny 62-ä ýetiren Sebastian Ožie 1-nji orna beýgeldi. 2-nji basgançakdaky Elfin Ewansyň 54, 3-nji ýerdäki Tierri Noýwilliň 42 utugy bar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşynyň maý aýynda Portugaliýada geçirilmegine garaşylýar.