Fran­si­ýa­ly meş­hur bi­at­lon­çy Mar­tin Fur­kad özü­niň sport ýo­lu­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ol soň­ky Dün­ýä Ku­bo­gyn­da ýe­ke­le­ýin we sprint ýa­ryş­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­le­se-de, umu­my­lyk­da, nor­we­gi­ýa­ly Ýo­han­nes Ting­nes Býo­dan yza ga­lyp, 2-nji or­ny eýe­le­di. Bu 31 ýaş­ly tür­ge­niň soň­ky bäs­le­şi­gi bol­dy. 1988-nji ýy­lyň 14-nji sent­ýab­ryn­da Fran­si­ýa­nyň Per­pin­ýan di­ýen ýe­rin­de dün­ýä inen Fur­kad 2002-nji ýyl­dan bä­ri bi­at­lon bi­len meş­gul­la­nyp gel­ýär. 2006-njy ýyl­dan baş­lap hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp baş­lan Fur­kad Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da 5 al­tyn, 2 kü­müş, je­mi 7 me­dal ga­zan­ýar. Onuň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ga­za­nan me­dal­la­ry­nyň sa­ny 28-e deň­dir. 13 al­tyn, 10 kü­müş, 5 bü­rünç me­dal alan Fur­kad bu ugur­da nor­we­gi­ýa­ly Ole Eý­nar Býorn­da­len­den soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Us­sat bi­at­lon­çy Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ryş­la­ryn­da-da ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, ol yz­ly-yzy­na 7 kris­tal glo­bus al­ma­gy ba­şar­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, bas­syr 7 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si bo­lan Fur­kad bu ugur­da re­kor­dyň eýe­si­dir.