Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­ny şow­suz ta­mam­lan Rus­si­ýa­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­syn­da tä­lim­çi Leo­nid Slus­kiý 1-nji iýul­da we­zi­pe­si­ni taş­lap­dy. Hep­dä­niň çar­şen­be gü­ni Rus­si­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si bel­li bo­lup, bu jo­gap­kär­li we­zi­pä 52 ýaş­ly Sta­nis­law Çer­çe­sow saý­lan­dy. Ozal­ky der­we­ze­çi Çer­çe­sow 2002-nji ýyl­da pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lap­dy. Ol Awst­ri­ýa­da “Kufs­te­in”, “Wa­ker Ti­rol”, şol san­da Rus­si­ýa­da “Spar­tak M.”, “Žem­çu­ži­na So­çi”, “Te­rek”, “Am­kar”, “Di­na­mo M.” hem-de Pol­şa­da “Le­gia War­şa­wa” klub­la­ryn­da tä­lim­çi bo­lup iş­le­di. Çer­çe­sow “Le­gia­ny” Pol­şa­nyň çem­pio­ny edip­di.