Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň hormatyna bagyşlanan taryhy atly ýöriş Diýarymyzyň günbatar welaýatynda dowam edýär. Behişdi bedewlerimize atlanyp, Döwlet tugumyzy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny ynamly göterip gelýän atly topar welaýatyň her bir oba-kendinde, taryhy ýadygärlikleriň duşunda, şäherlerinde we etrap merkezlerinde ýerli ilat tarapyndan güler ýüz, duz-çörek, mähir-muhabbet, şatlyk-şowhun bilen gyzgyn garşylanýar.
Tutumly toýlara ýazyp gidýän şeýle döwrebap dabaralaryň her biri atly ýörişe gatnaşyjylara bu sebitiň taryhy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigaty, welaýatyň ähli künjeklerinde amala aşyrylan ägirt uly ykdysady we medeni-durmuş özgertmeleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler berýär.
Günbatar sebitiň Esenguly etrabynyň çägindäki hazynalar mesgeni bolan Ekerem şäherçesinde uzak-uzak menzili aşyp gelen atlylar bu görkana mekanda dowam edýän gülläp ösüşleriň şaýady boldular. Bu ýerde döredilen ajaýyp sahnada welaýat we etrap häkimlikleriniň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň welaýat guramasynyň taýýarlan medeni çärelerine tomaşa etmek hormatly myhmanlarda juda ýakymly täsir galdyrdy.
Ekerem şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerliginden, agzybirliginden we şahandazlygyndan göwünleri galkynan atly ýörişe gatnaşyjy balkanly ýigitler berdaşly gollarynda Türkmenistanyň Döwlet tuguny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny we V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny mäkäm tutup, ýetmeli täze menzillerine – günbatar sebitiň düýpli ösüşleri başdan geçirýän Gumdag şäherine tarap ýokary ruhubelentlikde ýola düşdüler.
Mundan az wagt öň, ýelden ýüwrük, owadanlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlere atlanan ýigitleriň etrap merkezi Esenguly şäherinde garşylanylyşy ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.
Şeýle hem taryhy atly ýörişiň Etrek etrabyndaky tapgyry hem köňülleri söýgi-buýsanja beslän pursatlara juda baýlygy bilen tapawutlandy. Atly ýörişe gatnaşyjylar etrabyň Madaw obasynyň golaýynda – “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki ýaýlada, hem-de Etrek şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda ulanyşa berlen demir ýol menzilinde uly dabara bilen garşy alyndy.
Halkymyzyň merdanalygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň beýanyna öwrülen bu taryhy atly ýöriş üstünlikli dowam edýär.