26-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ULGAMY
HAS-DA KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilki bilen eksport önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde “Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda” Kararyň hem-de “Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Kararyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sertifikatlaşdyrma döwletleriň arasynda söwda, önümçilik gatnaşyklary, şeýle hem hil ölçegleri babatda hyzmatdaşlyk bilen bagly esasy meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararlara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de şol kadalaşdyryjy namalaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
NEBITGAZ PUDAGYNDA
HALKARA HYZMATDAŞLYK
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi. Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary – “Petronas”, “Dragon oil”, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, “Kawasaki”, “Sojitz”, “TOYO”, “Mitsubishi”, “ITOCHU”, “LG”, “Hyundai”, “Eni”, “Mitro International”, “Petrofac”, “Tatneft”, “Rönesans Holding” we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
ENERGETIKA SENAGATYNYŇ
ÖNÜMÇILIGI KUWWATLANÝAR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hereket edýän hem-de işe girizilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ýurdumyzda maksadalaýyk işler amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde sebitlerde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, paýlaýjy elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.
Energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, elektrik stansiýalaryny, elektrik geçirijilerini we paýlaýjy ulgamlaryny öz wagtynda abatlamak hem-de durkuny täzelemek sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, abatlaýyş işlerinde ulanyljak ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanasynda öndürmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu çözgüdiň maksada laýykdygyny belläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigini belledi.
DEMIR ÝOL ULAGLARY
DÖWREBAPLAŞDYRYLAR
Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň, hususan-da, demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak, ýük daşamak boýunça edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýalaryny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir.
SÖWDA TOPLUMYNYŇ
EKSPORT MÜMKINÇILIKLERI
ÝOKARLANDYRYLÝAR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibiniň” täzeden işlenilen taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Bu resminama Dokma senagaty ministrliginiň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň söwda toplumyna geçirilmegi bilen baglylykda taýýarlanyldy we Diýarymyzyň dokma hem-de haly önümlerini daşary bazarlarda işjeň öňe ilerletmäge, şunuň bilen baglanyşykly amallary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu meseleleri netijeli çözmek üçin degişli pudagara topary döredildi. Şol topar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önüm öndüriji kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýerli öndürijileri goldamak hem-de höweslendirmek, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça çäreler işlenilip taýýarlanylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda heniz ýeterlik öndürilmeýän azyk harytlarynyň içerki bazar üçin zerurlyklary öwrenilip, olary getirmek, ýeterlik gorlaryny döretmek we saklamak hem-de elýeter bahalardan ilatymyza ýetirmek boýunça işler utgaşdyrylýar. Bu pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda onuň düzümi barada teklipler taýýarlanylyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Milli Liderimiz aýdylan teklipleri makullap, “Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda” we “Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.
YLYMDA SANLY ULGAM
Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Bellenilişi ýaly, Ylymlar akademiýasy bu taslamany ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeden doly ugur alyp taýýarlady. Işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda sanly tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ylmy-barlaglar we işläp düzmeler üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmäge, ylma, inženerçilige, tehnologiki telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge ýardam berer.
Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Diýarymyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiligini has-da netijeli peýdalanmak, häzirki zamanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge itergi bermek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy hem-de bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
TÜRKMENISTAN DAŞKY GURŞAW BOÝUNÇA
HALKARA KONWENSIÝALARA GOŞULAR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda halkara konwensiýalaryna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi. Häzirki döwürde Türkmenistan agzalan ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi.
Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika-Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hökümetiň indiki mejlisiniň giňişleýin düzümde onlaýn düzgüninde geçiriljekdigini, onuň barşynda ýurdumyzyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine garaljakdygyny aýtdy.