Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýylyň-ýylyna oba zähmetkeşleri pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Bu hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ine, şu gün­ler hem oba ho­ja­ly­gyn­da ýe­ne-de bir gyz­ga­laň­ly möw­süme ba­dal­ga berildi. Daý­han­lar köp­çü­lik­le­ýin go­wa­ça eki­şi­ne gi­riş­di­ler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tas­syk­lan ter­tip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp, bir­ba­da dört we­la­ýa­t­da – Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da gowaça eki­şi­ne gi­ri­şil­di. Ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty Da­şo­guz­da bu asyl­ly işe 29-njy mart­da gi­ri­şi­ler.
Asyl­ly dä­be gö­rä, go­wa­ça eki­şi ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň ak pa­ta ber­me­gin­de baş­lan­dy. Be­ýik Bi­ri­bar­dan aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, mil­li Li­de­ri­mi­ziň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç al­ma­gy di­leg edi­lip, taý­ýar­la­ny­lan meý­dan­la­ra go­wa­ça to­hum­la­ry taş­lan­dy. Soň­ra ýa­şu­lu­lar orun­la­ry­ny me­ha­ni­za­tor­la­ra ge­çir­di­ler.
Ýur­du­my­zyň pag­ta­çy­la­ry­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­re hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň pag­ta­çy­la­ry ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re ýet­ýär­ler. Bu üs­tün­lik­ler­de döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan sa­tyn al­nyp be­ril­ýän döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl go­wa­ça ek­mek üçin 620 müň gek­ta­ra go­laý meý­dan taý­ýar­lan­dy. Go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy ýur­du­myz­da gu­rul­ýan tä­ze dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi, pag­ta önüm­le­ri­ne bo­lan içer­ki is­leg­le­riň art­ma­gy na­za­ra al­nyp, ka­bul edil­di. Go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge oba ho­ja­lyk äh­mi­ýet­li ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan ýer bö­lek­le­ri­ni alan hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­ler hem gat­naş­ýar­lar.
Tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça şu ýyl “ak al­ty­nyň” 1 mil­li­on 250 müň ton­na­sy­ny ýyg­na­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol san­da Wa­tan har­ma­ny­na Ahal we­la­ýa­tyn­dan 280 müň ton­na, Bal­kan we­la­ýa­tyn­dan 10 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­dan 275 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­dan 320 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan bol­sa 365 müň ton­na pag­ta ha­sy­ly tab­şy­ry­lar.

Şu möw­süm­de dür­li gör­nüş­li trak­tor­la­ryň 7 müň 600-den gow­ra­gy, eki­ji gu­ral­la­ryň 1 müň 700-den gow­ra­gy, eki­şiň bök­denç­siz­li­gi­ni üp­jün ed­ýän we soň­ky ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen go­wa­ça kul­ti­wa­tor­la­ry­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk en­jam­la­ry­nyň 5 müň­den gow­ra­gy peý­da­la­ny­lar. Şeý­le hem şu möw­sü­me ýur­du­myz­da ýa­kyn­da ge­lip gow­şan tä­ze teh­ni­ka­la­ry, hu­su­san-da, eki­ji gu­ral­la­ry­ny, dün­ýä bel­li “John Dee­re” kom­pa­ni­ýa­syn­dan sa­tyn al­nan we te­le­ma­tik san­ly ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan trak­tor­la­ry çy­kar­mak me­ýil­leş­di­ril­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu gym­mat­ly eki­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ge­çen ýyl­da “ak al­tyn” us­sat­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 50 müň ton­na­dan gow­rak pag­ta tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Kerkaw BAGABEKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.