Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynda hem döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly tehnikalary satyn alynýar. Bu hem pudagyň işinde netijeliligi artdyrmaga giň mümkinçilik berýär.
Golaýda ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Bu tehnikalar ýurdumyz boýunça giň gerime eýe bolan ýazky gowaça ekişi döwründe uly ähmiýete eýe bolar. Oba zähmetkeşleri üçin gyzgalaňly möwsümde ajaýyp sowgada öwrülen bu tehnikalar sanly ulgam enjamlary arkaly enjamlaşdyrylmagy bilen tapawutlanýar. ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Oba hojalygynda mehanizmleşdirilen işleriň sanly tehnologiýalar we telematik ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usulda işläp bejermäge mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020-2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi. Şol resminama laýyklykda, telematik ulgamly tehnikalar gelip gowşup başlady. Bu ulgam tehnikanyň işine, hususan-da, onuň ýerleşýän ýerine, ýangyç harçlaýşyna, iş wagtyndaky hereketine we başga-da birnäçe görkezijilere edara ediş binasyndan çykman, şeýle hem internet ýa-da ykjam telefon aragatnaşyk bolan ýerden gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnikalaryň işlerine gözegçilik etmek üçin Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda Dolandyryş merkezi döredildi.
Şunuň ýaly merkez Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäherinde hem bar. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplaryň edara ediş merkezlerinde bir bitewi ulgama birikdirilen maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek hem-de gaýtadan işlemek boýunça ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gözegçilik bölümlerini döretmek meýilleşdirilýär.
Diýarymyza gelip gowuşýan ähli görnüşdäki oba hojalyk tehnikalarynyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, hökmany suratda deslapky synagdan geçirilýär. Sanly telematik ulgam bilen enjamlaşdyrylan “John Deere” traktorlary Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirildi.
Ýurdumyzyň oba hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň häzirki zaman tehnologiýaly tehnikalary bilen üstüniň ýetirilip durulmagy, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaga hem-de ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almaga mümkinçilik berer.
Gurbangeldi HAÝDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.