Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri baş wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Maliýe ulgamynda hereket edýän innowasiýalara “maliýe innowasiýalary” diýilýär. Maliýe innowasiýalarynyň aglaba bölegi bank önümi, bank tehnologiýalary görnüşinde banklar tarapyndan döredilýär, olara “bank innowasiýalary” diýilýär.
Bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän innowasion çäreler banklaryň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, gazna serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary menzilara ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek we onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen töleg ulgamy yzygiderli döwrebap maglumat tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Bank ulgamyny has-da netijeli we çalt özgertmek, bank hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, bu ulgamda dürli innowasion usullary, menzilara bank hyzmatynyň täze tärleri bolan “Internet bank”, “Mobil bank” bank hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň ornunyň uludygyny bellemek bolar.
Gülälek Garajaýewa,
Türkmenistanyň “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň Pensiýa tölegleri we goýum amallary
müdirliginiň başlygy.