“Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly­n­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len dür­li ugur­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ös­ýär we öz­ger­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da äti­ýaç­lan­dy­ryş işi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýumy esa­syn­da gu­rul­ýan se­na­gat-önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi­ni we uzak möh­let­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi­ni ga­zan­dy, bu bol­sa ga­za­nyl­ýan äti­ýaç­lan­dy­ryş baý­rak­la­ry­nyň möç­be­ri­niň art­ma­gy­na ge­tir­di.
Ýur­du­my­zyň äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra äti­ýaç­lan­dy­ryş ba­za­ryn­da bäh­bit­le­riň äti­ýaç­lan­dy­ryş bo­ýun­ça meý­le­tin we hök­ma­ny äti­ýaç­lan­dy­ryş gör­nüş­le­rini has-da gi­ňelt­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da dün­ýä­niň öň­deba­ry­jy ýurt­la­rynyň ha­ta­ry­na çyk­mak ug­run­da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar we müş­de­ri­le­re hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär. Gu­ra­ma­nyň iş­gär­le­ri eda­ra-kär­ha­na­lar­da, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da bo­lup, äti­ýaç­lan­dy­ryş işi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry dog­ru­syn­da mas­la­hat­la­ry, wa­gyz edi­ji çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­ýär­ler. Bu çä­re­ler­de gu­ra­ma­nyň hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry bi­len bir­lik­de, äti­ýaç­lan­dy­ry­şyň äh­mi­ýe­ti we bäh­bit­li ta­rap­la­ry ba­ra­da müş­de­ri­le­re gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ri­lip, yzy­gi­der­li ma­ha­bat iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Gat­na­şy­jy­la­ra äti­ýaç­lan­dy­ry­şyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li ýö­ri­te taý­ýar­la­nyl­ýan gol­lan­ma­lar paý­la­nyl­ýar. Ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­sin­de äti­ýaç­lan­dy­ry­şyň dür­li gör­nüş­le­ri­ne is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len müş­de­ri­le­re tö­leg­le­ri elekt­ron kart­lar bi­len tö­le­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de äh­li ul­gam­lar­da in­no­wa­si­ýa­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak hä­zir­ki döw­rüň esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar.

Gur­ban Sä­het­my­ra­dow,
Aş­ga­bat şä­her Döw­let äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy­nyň mar­ke­ting bö­lü­mi­niň baş­ly­gy.