Hytaý Halk Respublikasy senagat we sarp ediji harytlaryň önümçiliginde öňdeligi eýeleýär. Soňky ýyllarda ýurduň elektron senagaty hem düýpgöter uly ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, smartfon önümçiliginde hytaý kompaniýalary dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Şu ýylyň ilkinji aýlarynda Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy özüniň esasy bäsdeşleriniň biri, Hytaýyň ýene-de bir iri kompaniýasy bolan “Huawei”-den öňe saýlandy. “Xiaomi” kompaniýasynyň “Redmi” we “Pocophone” smartfonlarynyň 6 milliony satyldy. “Huawei”-iň söwdasy bolsa 5,5 milliona deň boldy. Bu barada “Strategy Analytics” kompaniýasy habar berýär.
Esasan hem, “Xiaomi” kompaniýasynyň telefonlary Hindistanyň bazarynda uly islegden peýdalanylýar. Hindistandaky, Indoneziýadaky we Günbatar Ýewropadaky telefon söwdasy kompaniýanyň girdejisiniň 48 göterimini eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, telefon söwdasynda öňdeligi Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy eýeleýär. Onuň söwdasy 18,2 milliona deň boldy. Onuň esasy bäsdeşi ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasy degişli döwürde 10,2 million telefon satdy. Umuman, dünýäde diňe fewral aýynda 62 million telefon satyldy.
Amangül Amanýazowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyniň talyby.