Milli baýramçylyklar, adatça, dünýä halklarynyň medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, olar haýsydyr bir waka ýa-da belli bir senä bagyşlanyp geçirilýär. Baýramçylyklaryň we festiwallaryň medeni baglanyşygy bar, ýöne her bir baýramçylygyň, ilkinji nobatda, köp adamyň gatnaşmagynda dürli çäreleri öz içine alýandygy mälimdir. Mundan başga-da, baýramçylyklar ykdysadyýet jähtden hem möhüm bolup, bu söwda kompaniýalarynyň söwdasynyň we girdejisiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň kä­bi­ri­:
Now­ruz: dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da bel­le­nil­ýän iň ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Esasan hem tür­ki halk­lar ta­ra­pyn­dan giň­den bel­le­nil­ýän Now­ruz baý­ram­çy­ly­gy 21-nji mart­da bel­le­ni­lip, ol Tä­ze ýy­lyň baş­lan­gy­jy ha­sap­lan­ýar. Now­ruz baý­ra­my Türk­me­nis­tan, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan, Gyr­gyzystan, Tür­ki­ýe we Ga­za­gys­tan ýa­ly bir­nä­çe ýurt­larda döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýär.
Baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de adam­lar myh­man­çy­ly­ga gid­ýär­ler, dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ýar­lar.
Aoý-Ma­su­ri: Ýa­po­ni­ýa­nyň Kio­to şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk bolup, ga­dy­my däp-des­sur­lar ber­jaý edil­ýär. Atyň üs­tün­de ok at­mak we at ça­py­şyk­la­ry ýa­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýän bu baýramçylykda He­ýan döw­rü­niň egin-eşik­le­ri geý­lip, Kio­to­da­ky im­pe­ra­tor köş­gün­den Ka­mo yba­dat­ha­na­sy­na çen­li ýö­riş ama­la aşy­ryl­ýar. Aoý-Masuri bu şä­he­riň iri hem-de aja­ýyp baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Mü­sü­riň ha­syl baý­ra­my: baý­ram­çy­lyk öz göz­ba­şy­ny XIII asyr­dan alyp gaýd­ýar. Baý­ram­çy­lyk döw­rün­de köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
We­ge­ta­ri­an fes­ti­wa­ly: Tai­lan­dyň Phu­ket ada­syn­da ge­çi­ril­ýän baýramçylyk adam­la­ryň et iý­mek­den sak­lan­ýan aýy­nyň baş­lan­gy­jy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Di­wa­li: Hin­dis­tan­da bel­le­nil­ýän ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Di­wa­li “Çy­ra­lar baý­ra­my” hök­mün­de bel­le­ni­lip, ýag­şy­ly­gyň erbetden üs­tün çyk­ma­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar we bu ýeň­şiň ala­ma­ty hök­mün­de hem­me ýer­de şem­ler we çy­ra­lar ýa­kyl­ýar. Di­wa­li baý­ram­çy­ly­gy adat­ça, okt­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da – no­ýabr aýy­nyň ba­şyn­da bel­le­nil­ýär. Baý­ram­çy­lyk döw­rün­de adam­lar çy­ra­la­ry ýak­ýar­lar, bi­ri-bi­ri­ne sow­gat ber­ýär­ler.
Sa­ku­ra­nyň gül­le­me­gi: Sa­ku­ra­nyň gül­le­me­gi­ne to­ma­şa et­mek, Ýa­po­ni­ýa­nyň ta­ry­hy­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň esa­sy bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Sa­ku­ra aga­jy­nyň gül­le­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly fes­ti­wal ba­har pas­lyn­da bel­len­ilýär. Fes­ti­wa­lyň do­wa­myn­da köp san­ly çy­kyş­lar, aý­dym-saz şü­we­leň­le­ri we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Ho­li: hin­di­le­riň her ýyl bel­le­ýän ba­har baý­ram­çy­ly­gy­dyr. Fes­ti­wal ba­har pas­ly­nyň baş­la­nan gü­ni ge­çi­ril­ýär. Ýag­ny, few­ral aýy­nyň ahy­ryn­da we mart aýy­nyň baş­la­ryn­da 2-3 gün do­wam ed­ýär. Adam­lar bu baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­na­şyp, bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ne dür­li reňk­le­ri sep­ýär­ler ýa-da reňk­li suw guý­ýar­lar.
Rož­dest­wo: mil­li­on­lar­ça adam­la­ryň bel­le­ýän esa­sy baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Baýramçylyk mynasybetli dür­li ýurt­lar­da köp san­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şä­her­le­riň kö­çe­le­rin­de ar­ça agaç­la­ry be­zel­ýär. Adam­la­ryň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bu baý­ram­çy­ly­gyn­da bi­rek-bi­re­ge sow­gat­lar be­ril­ýär, do­gan-ga­ryn­daş­la­ryň we dost-ýar­la­ryň öý­le­ri­ne myh­man­çy­ly­ga ba­ryl­ýar.

Bägül AMANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.