“Lamborghini” kompaniýasy şu ýylyň tomsunda 830 at güýjüne barabar bolan täze ýokary tizlikli awtoulagyny köpçülige hödürlär. “Lamborghini Squadra Corse V12” kysymly ulagyň ýaryş ýolunda synagy üstünlikli tamamlandy.
Şu ýylyň 11-nji fewralynda Sant-Agata-Bolonez zawodynda ulagyň hereketlendirijisi taýýar edildi. Ulagyň bu görnüşi çäkli sanda çykarylar. Kompaniýa ulagyň aşaky böleginiň alýuminiden öndürilendigini we öz-özüni gulplaýan innowasiýa bilen üpjün edilendigi ni mälim etdi.