Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugry – parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygyň berkidilmegi, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi babatda ileri sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligini tarapyndan gyzgyn garşylanýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen daşary syýasat konsepsiýasyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Bu ugurda halkara guramalaryna hem aýratyn orun berilýär. Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy (BMG) bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşyp, onuň belent münberinden halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe bolup, bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Rezolýusiýalar kabul edildi. Esasan hem, energetika, ulag, ekologiýa we beýleki ugurlardaky halkara başlangyçlar esasynda ýokary derejede birnäçe maslahatlar geçirildi.
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky makalasy çap edildi. Şol makalada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanan Türkmenistanyň parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ekologiýa meselelerinde we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda hyzmatdaşlyk we ynsanperwer meseleler boýunça ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Türkmenistan halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň işini kadalaşdyrýan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi ugrunda çykyş edip, Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň utgaşdyryjylyk orny eýelemeginde syýasy-diplomatik serişdeler hem-de usullar arkaly gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmek meselelerine bitewi konseptual çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, giň geňeşmeleri teklip edýär. Munuň üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy hökmünde halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan ýörite mejlisiniň çagyrylmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mesele boýunça degişli kararnamasyny işläp taýýarlamak üçin öz tekliplerini bermäge taýýardygyny beýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birinji komitetiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň “Halkara bitaraplyk we parahatçylyk güni” kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine garamak teklip ediler.
Ýurdumyz durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk ugry boýunça sportuň aýratynlyklaryna ünsi çekýär. Häzirki wagtda sport halklaryň hem-de döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm birleşdiriji şertleriniň biri bolup durýar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň bu işe saldamly goşandy bolmalydyr. Bu oýunlara Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň onlarçasy hem-de Okeaniýa ýurtlary gatnaşar. BMG-de däbe öwrülen tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistan V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda BMG-niň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bu oýunlar, onuň sport we umumadamzat ähmiýeti barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli çäreleriň birnäçesini geçirmegi teklip edýär. BMG-ä agza döwletleriň ählisini bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda gürrüň edilende, Türkmenistan şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatyny geçirer. Türkmen tarapy bu maslahatyň netijeleriniň, ozal bu ugurda kabul edilen kararlaryň ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýar.
Ýurdumyz energetika ulgamy babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň barşynda dünýäniň energetika giňişliginde tertibiň umumy kabul edilen düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine ýardam etmegi dowam eder. Birleşen Milletler Guramasy boýunça hyzmatdaşlaryny bu işe çagyrýar.
Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Suw diplomatiýasy baradaky başlangyçlary öňe sürler. Şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde tebigy betbagtçylyklary öňünden habar bermegiň sebit ulgamyny döretmek maksady bilen, türkmen tarapy bu babatda gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işlemäge taýýardygy beýan ediler.
Mundan başga-da Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary baradaky esasy Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara namalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygy tassyklanyp, ynsanperwer ulgamda anyk hereketleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygy beýan ediler.
Umuman, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar we goşmagy-da dowam edýär.