Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy köp­den bä­ri wo­do­rod bi­len iş­le­ýän aw­tou­la­gy­nyň sy­na­gy­ny ama­la aşy­ryp gel­ýär. Ýö­ne en­tek onuň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­şil­me­di. Hä­zir­ki wagt­da di­ňe “Mi­rai” ky­sym­ly ula­gyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär.
“Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň “Hi­no” at­ly gol­çur kär­ha­na­synda wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ýük ula­gy­ny hem dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýük ula­gyn­da hem “Mi­rai” at­ly ýe­ňil aw­tou­lag­da­ky teh­no­lo­gi­ýa ula­ny­lar. Em­ma, el­bet­de, ýük aw­tou­la­gyn­da ýan­gyç ba­gy uly bo­lar. Bir ge­zek dol­du­ry­lan ýan­gyç bi­len ulag 600 ki­lo­metr men­zil aşyp bi­ler.
Kom­pa­ni­ýa her gün ýüz­ler­çe ki­lo­metr ýol geç­ýän ýük ulag­la­ry üçin, elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň ýe­ri­ne wo­do­rod bi­len iş­le­ýän ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi­niň has amat­ly bol­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le ulag­la­ry ýan­gyç bi­len dol­dur­ma­gyň ýe­ňil bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.