“Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aga­jy” at­ly hal­ka­ra bäs­le­şi­gi 2011-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. 2020-nji ýyl­da bu bäs­le­şik­de bi­rin­ji or­ny Çe­hi­ýa­nyň 350 ýyl­lyk sos­na aga­jy eýe­le­di. Şeýle hem bu bäsleşikde il­kin­ji on­lu­ga Hor­wa­ti­ýa­nyň, Russiýanyň, Ni­der­land­la­ryň, Ru­my­ni­ýa­nyň hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň agaç­la­ry gir­izildi.
2011-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu bäs­le­şik Çe­hi­ýa­da gu­ral­ýan ýer­li bäs­le­şik­den yl­ham al­nyp ge­çi­ril­ýär.
Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri on­laýn ses be­riş­lik ar­ka­ly kes­git­len­ýär. Ol hem Eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­lyk as­so­sia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýär. Bu gu­ra­ma köp ýyl­dan bä­ri gy­zyk­ly ta­ry­hy bo­lan agaç­la­ry halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek üçin şeý­le bäs­le­şi­gi gur­nap gel­ýär. Her ýyl bu bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan ýurt­lar öz çä­gin­dä­ki ga­dy­my agaç­la­ry bu bäs­le­şi­ge hö­dür­le­ýär­ler.
“Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aga­jy” bäs­le­şi­gi­niň mak­sa­dy, te­bi­gy we me­de­ni mi­ra­sy­myz­da orun alan ga­dy­my agaç­la­ry ala­da bi­len gur­şap al­mak­dan yba­rat­dyr.

Aýperi DÖWRANOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank
mekdebiniň talyby.