Ýe­ral­ma wi­ta­min­le­riň we mi­ne­ral­la­ryň am­ma­ry ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem de­ri­niň ka­da­ly gal­ma­gy üçin oňyn tä­sir ed­ýän an­ti­ok­si­dant­la­ry öz içi­ne al­ýar. Bu ba­ra­da “Me­dik­Fo­rum” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu gök önüm­siz gün­de­lik iý­mit­len­me­gi göz öňü­ne ge­tir­mek kyn bol­sa ge­rek. Mun­dan baş­ga-da, ýe­ral­ma di­ňe bir köp san­ly ta­ga­myň we gap­dalyndan getirilýän na­har­la­ryň esa­sy­ny düz­män, eý­sem halk luk­man­çy­ly­gyn­da hem giň­den ula­nyl­ýar. My­sal üçin, çig ýe­ral­ma­nyň şi­re­si içe­gä­niň işi­ni ka­da­laş­dyr­mak üçin ula­nyl­ýar. Ýö­ne mu­ny luk­man­la­ryň mas­la­ha­ty bi­len iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Ýeral­ma­dan edi­len ýüz nykap­la­ry hü­när­me­niň mas­la­ha­ty bol­maz­dan edi­lip bil­ner. De­rä go­ýul­ýan çyg ýe­ral­ma de­ri­dä­ki zy­ýan­ly mad­da­la­ry aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Bahram GELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.