Erkekleriň arasynda saç düşmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu köplenç uly ýaşdaky adamlarda duş gelýän hem bolsa, soňky döwürlerde bu ýagdaý 25-30 ýaş aralygyndaky ýaşlarda hem peýda bolup başlady.
Adamlaryň saçynyň düşmeginiň öňüni almak üçin Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy saçyň ösmegine itergi berýän beýsbol kepkasyny işläp düzdi. Bu hakykatdan daşda ýaly görünýär, ýöne öndürijiniň belläp geçişi ýaly, ol 3-4 aýdan soň öz täsirini ýetirip başlaýandygy mälim edildi.
Kepkanyň içerki bölegi “COSBEAUTY LLLT” diýlip atlandyrylyp, lazer şöhlelendirijilerini özünde jemleýär. Kepkada olaryň 81 sanysy ýerleşdirilipdir. Bu enjam kellä iki usul bilen täsirini ýetirip, saç follikullaryny ýok edýän gormonlaryň öndürilmegini bökdeýär, soň bolsa saç köklerini gaýtadan işleýär. Bu enjam synagdan geçirildi we tassyklanan aýratynlyklaryna doly laýyk gelip, lukmançylyk enjamy hökmünde kepillendirilýär we hatda netijeliligini tassyklaýan ähli zerur resminamalar bilen üpjün edilendir. Hususan-da, Pekindäki hassahanalaryň birinde bu kepka synag edilenden soň, ulanyjylaryň 80 göterimine oňyn täsirini ýetirendigi mälim edildi.
Süleýman HAMDAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.